Bilim ojagy — geljegiň binýady
Gündogaryň gadymy medeniýetleriniň sallançagy bolan mähriban Watanymyzda güýzüň ilkinji güni — 1-nji sentýabr diňe bir täze okuw ýylynyň başlanýan senesi bolman, eýsem, täze maksatlaryň, täze arzuwlaryň, täze başlangyçlaryň hem başlangyjydyr. Şol gün bilim ojagynyň gapysyndan ilkinji gezek ätleýän ýaş talyplar üçin täze durmuşyň başlangyjy bolsa, köp ýyllap bilim berýän mugallymlar üçin hem täze nesliň öňünde duran uly jogapkärçiligi ýene bir gezek ýatladýan aýratyn gündür.
Şu ýyl Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary we talyplary üçin ýatdan çykmajak wakalara beslendi. Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen bir hatarda, institutymyzyň döwrebap binasynyň açylyp ulanylmaga berilmegi bilim ojagymyzyň taryhynda täze sahypany açdy.
Binagärlik kafedrasynyň mugallymy hökmünde bu wakanyň ähmiýetine hünärimiň aýratynlygyndan ugur alyp seredýärin. Sebäbi biz talyplara diňe bina gurmagy öwretmeýäris. Biz olara giňişligi duýmagy, gözelligi görmegi, adamyň ýaşaýyş şertlerini nazara almagy, berkligi, amatlylygy we estetikany bir bitewi çözgütde jemlemegi öwredýäris. Şonuň üçin täze okuw binasynyň ulanylmaga berilmegi biziň üçin diňe täze iş otaglarynyň peýda bolmagy däl, eýsem, bilim bermek we hünärmen taýýarlamak mümkinçilikleriniň täze derejä çykarylmagydyr.
Institutymyzyň täze binasy barada aýdanyňda, ilki bilen, onuň daşky gözelligi bilen bir hatarda, içinde döredilen mümkinçilikler hakynda pikir edýärsiň. Giň we ýagty okuw otaglary, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen multimedia serişdeleri, taslama işlerini ýerine ýetirmek üçin niýetlenen ýörite otaglar, ylmy-barlag işlerine mümkinçilik berýän enjamlaşdyrylan tejribehanalar — bularyň ählisi häzirki zaman hünärmenini taýýarlamak üçin zerur şertleriň utgaşmasydyr.
Binagärlik hünäriniň özboluşly aýratynlygy bar. Bu hünärde diňe kitapdan okamak ýeterlik däl. Binagär görmeli, ölçemeli, çyzmaly, deňeşdirmeli, täzeden işlemeli we ahyrynda öz pikirini hakyky giňişlikde janlandyrmagy başarmaly. Çyzgy kagyzyndaky ilkinji çyzyk geljekde uly binanyň keşbine öwrülip biler. Talybyň şu günki kiçijik taslamasy ertir şäheriň keşbini üýtgedip biljek çözgüdiň başlangyjy bolup biler. Şonuň üçin häzirki zaman okuw binasy pikirleriň synagdan geçirilýän, döredijilikli çözgütleriň döreýän, ýaş hünärmeniň öz ukybyny açýan döredijilik giňişligidir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýar talyplary kitapdan ýa-da mugallymyň düşündirişinden öwrenen maglumatlaryny indi dürli tehniki serişdeleriň, sanly tehnologiýalaryň we döwrebap okuw enjamlarynyň kömegi bilen amaly taýdan synap bilýärler. Bu bolsa nazary bilim bilen amaly başarnygyň arasyndaky aralygy gysgaldýar. Netijede, talyp diňe bilýän hünärmen däl, eýsem, başarýan hünärmen bolup ýetişýär.
Häzirki döwürde şäherleriň we obalaryň keşbi çalt özgerýär. Täze ýaşaýyş jaýlary, jemgyýetçilik binalary, önümçilik desgalary, medeni we durmuş maksatly binalar gurulýar. Şeýle şertlerde döwrebap pikirlenýän, täze tehnologiýalardan baş çykarýan, milli binagärlik däplerine sarpa goýýan we dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenýän hünärmenlere zerurlyk has-da artýar.
Türkmen binagärleri üçin bu mesele aýratyn ähmiýetlidir. Gadymy türkmen şäherleriniň, galalarynyň, köşkleriniň, kerwensaraýlarynyň we beýleki taryhy ýadygärlikleriniň binagärlik çözgütlerinden ugur alyp, häzirki döwrüň ýaşaýyş şertlerine laýyk gelýän täze pikirleri döretmek ýaş hünärmenleriň öňünde duran gyzykly we jogapkärli wezipeleriň biridir. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, täze okuw binasynyň her bir otagy, her bir okuw serişdesi we her bir döredilen şert diňe häzirki gün üçin däl, eýsem, geljek üçin goýlan maýa goýumdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçilikleri esasynda bu ýerde täze pikirler dörär, ylmy gözlegler alnyp barlar, taslamalar taýýarlanar, ýaşlaryň arzuwlary hünär maksatlaryna öwrüler. Döwrebap okuw binalarynyň gurulmagy, bilim edaralarynyň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, ýaşlaryň döwrebap hünärleri öwrenmegi üçin şertleriň döredilmegi bu ugurdaky giň gerimli işleriň möhüm bölegidir.
Goý, täze binanyň her bir otagyndan bilim, döredijilik we ylham ýaňlansyn! Şol ýaň bolsa Watanymyzyň bagtyýar geljeginiň binagärlik sazlaşygyna öwrülsin!
Äşe GUBAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binagärlik kafedrasynyň müdiri, uly mugallymy.



















