Körpeleri terbiýelemegiň esaslary
Gahryman Arkadagymyzyň Bilimler we talyp ýaşlar güni, şeýle hem täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy okuw sapagynda şeýle belledi: «Biziň döwletimiziň iň täze taryhy dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Garaşsyzlygymyzdan başlanýar. 35 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşy düýpli berkidildi».
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy halkymyzyň durmuşynda möhüm taryhy ähmiýete eýe bolan şanly senedir. Geçen 35 ýylda ýurdumyzda dünýä ýaň salan ägirt uly işler ýerine ýetirilip, ähli ugurlarda beýik hem tutumly özgertmeler amala aşyryldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda hem uly işler durmuşa geçirildi. Şol sanda bilim ulgamynyň ilkinji basgançagy bolan mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini düýpli kämilleşdirmek, körpeje nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemek barada bimöçber işler amala aşyryldy. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýaş nesliň watançylyk duýgularynyň terbiýelenmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Çagalaryň Watana söýgüsini, buýsanjyny we milli gymmatlyklarymyza bolan hormatyny ösdürmekde Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleri, gündelik geçirilýän okuw-terbiýeçilik işleri möhüm serişde bolup hyzmat edýär. Çünki şanly senä bagyşlanan çäreler çagalar üçin diňe bir baýramçylyk dabarasy bolman, eýsem, olaryň bilimini we terbiýesini ösdürýän pedagogik çeşme bolup durýar.
Çagalykda başlanan watançylyk terbiýesi geljekde Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşine öz mynasyp goşandyny goşjak ýaş nesli kemala getirmegiň binýady bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyz umumy okuw sapagynda: «Adamyň ömürboýy gazanan baýlygy — tälim-terbiýesi, akyl-paýhasy, ukyp-başarnygy, hünäri onuň Watan gymmatlygy baradaky garaýyşlarynda ýüze çykýar. Perzendiň terbiýesiniň esasy mazmuny Watan mukaddesliginde jemlenýär» diýip belledi.
Çagalar bagynda çaganyň şahsyýetiniň, dünýägaraýşynyň binýady goýulýar. Watan düşünjesi ilki çaganyň ýüreginde duýgy hökmünde kemala gelýär, soňra bolsa aňly garaýşa öwrülýär. Körpelere mukaddes Garaşsyzlygymyz barada düşünjeleri bermek nesillerde Watana bolan söýgini we hormaty terbiýeleýär.
Mekdebe çenli ýaşdaky çagalar ene-atany, öýüni, çagalar bagyny söýmek arkaly ýurduna bolan söýginiň ilkinji ädimlerini ätleýärler. Bu duýgy geljekde hakyky watançy şahsyýetiň kemala gelmegine esas bolýar. Watançylyk terbiýesi çaganyň milli özboluşlylygynyň ösmegine ýardam edýär. Çagalar türkmen halkynyň däp-dessurlary, milli baýramçylyklary, halk ertekileri, aýdymlary we oýunlary bilen tanşyp, öz milletine bolan buýsanjy duýýarlar. Bu olaryň milli aňynyň ir ýaşdan kemala gelmegini üpjün edýär.
Çagalaryň ahlaklylyk häsiýetleriniň ösmegine Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanyp geçirilýän çäreler uly täsir edýär, olarda zähmeti hormatlamak, ululary sylamak, dostlara wepaly bolmak ýaly ahlak gymmatlyklarynyň kemala gelmegine ýardam edýär. Çärelerde Döwlet baýdagymyz, senamyz, kasamymyz bilen, ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda, körpeleri tanyşdyrmak olarda buýsanç, jogapkärçilik duýgusyny kemala getirýär.
Watançylyk terbiýesi jemgyýetiň durnukly ösüşi üçin binýat bolup hyzmat edýär. Watanyny söýýän, milli gymmatlyklaryna hormat goýýan ýaşlar ýurduň geljeginiň ygtybarly kepilidir. Okuw-terbiýeçilik işleri esasynda watançylyk terbiýesini bermek çaganyň ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün edýän esasy ugurlaryň biridir we jemgyýetiň geljegi üçin aýratyn ähmiýete eýedir.
Mekdebe çenli ýaşdaky çagalara watançylyk terbiýesini bermegiň ylmy-pedagogik esaslary çaganyň ýaş aýratynlyklaryna, psihologik ösüşine we jemgyýetçilik tejribesiniň kemala gelmegine daýanýar. Bu terbiýeçilik işi çaganyň şahsyýetiniň ilkinji basgançagynda başlanmalydyr.
Mekdebe çenli ýaş döwri çaganyň duýgy-hyýalynyň ösýän döwrüdir. Bu döwürde çaganyň esasy işi oýundyr. Şonuň üçin watançylyk düşünjeleri körpelere öwrediji, many-mazmunly, hereketli we ösdüriji oýunlar, şeýle hem milli oýunlarymyz arkaly berilmelidir.
Mukaddes Garaşsyzlyk halkymyzyň milli buýsanjyny, watansöýüjilik duýgusyny we bagtyýar geljege bolan ynamyny has-da pugtalandyrýan möhüm gymmatlykdyr. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy bilen bagly geçirilen çäreler körpe nesillere Watany söýmegi, onuň üstünliklerine buýsanmagy, milli gymmatlyklarymyza hormat goýmagy öwretmekde möhüm terbiýeçilik serişdesi boldy.
Mähri ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň mekdebe çenli terbiýe we başlangyç bilim bölüminiň uly ylmy işgäri.



















