Dilleri öwretmegiň usullary
Umumybilim berýän orta mekdeplerde okadylýan rus dili sapaklarynda okuwçylaryň dünýägaraýşy baýlaşdyrylýar, olar rus dilinde täze sözleri öwrenýärler, pikirlerini beýan edýärler, şeýle hem sözlemleriň gurluşyny öwrenýärler. Bu bolsa olaryň rus dilinde sözleşmek endigini kemala getirýär. Sapaklarda daşary ýurt dilleriniň diňe bir sözleşmek däl-de, eýsem, dost-doganlyk köprüsi bolýandygyny hem okuwçylara düşündirýäris.
Häzirki wagtda okuwçylaryň söz baýlygyny ösdürmekde, olaryň dünýä dillerini öwrenmekleri üçin ähli mümkinçilikler bar. Şunda sapagy döwrebap hem işjeň usulda guramaga uly üns bermelidir. Has takygy, orta mekdeplerde daşary ýurt dillerini öwretmek üçin döredilen şertlerden peýdalanyp, okuwçylaryň söz baýlygyny artdyrmak möhümdir. Çünki ýaşlar okamak we öwrenmek arkaly rus dilini tiz özleşdirýärler. Şeýle hem sapakda multimedia tagtasyndan peýdalanmak arkaly temany dürli şekilli görnüşleriň üsti bilen hem düşündirýäris. Döwrebap tehniki serişdeleri ulanmak sapagyň has-da netijeli bolmagyna täsir edýär.
Orta mekdepleriň 8-nji synpynda rus dili dersinden söz düzümindäki baglanyş tärleri, eýerme hakynda sapaklar geçilýär. Rus dilinde oňa «Виды связи слов в словосочетании. Управление» diýlip atlandyrylýar. Temany düşündirmek üçin multimedia tagtasynda rus dilinde birnäçe söz düzümlerini ýazyp görkezýäris:
Осенние деревья;
украшения из янтаря;
вечерняя газета.
Bu söz düzümleri hakynda rus dilinde sowal-jogap alyşýarys. Bu dogrusynda okuwçylar pikirlerini beýan edýärler, olaryň aňladýan manylaryny düşündirýärler.
Häzirki ajaýyp döwrümizde dil öwrenmegiň kämil usullary kemala gelýär. Şunda iň täze enjamlar, kompýuterler we audio ses ýazgylary aýratyn orun eýeleýär. Bu döwrebap enjamlaryň we ses ýazgylaryň üsti bilen okuwçylara täze sözleri öwretmäge mümkinçilik alýarys. Rus dilindäki sözleriň ýazuw kadalaryny öwretmekde okuw kitaplarynyň, şol sanda sözlükleriň aýratyn orny bar. Orta mekdeplerde rus dilini öwrenmäge aýratyn üns berilmegi ýaşlaryň dünýägaraýşynyň ösmegine, bilimde üstünlik gazanmaklaryna ýardam edýär.
Sapagyň ahyrynda okuwçylara öý işi tabşyrylýar. Okuwçylar öýde geçilen temany gaýtalamaly we berkitmeli, ýagny söz düzümlerini öwrenmeli we olaryň rus dilinde aňladýan manysyny depderlerine ýazyp beýan etmeli. Öýde özbaşdak ýumuşlary ýerine ýetirmek okuwçylaryň sapagy oňat özleşdirmeklerine ýardam eder.
Gülnar BALTAÝEWA,
Garaşsyzlyk etrabyndaky 54-nji orta mekdebiň mugallymy.



















