Saglygy goraýyşda innowasion mümkinçilikler we guwandyryjy netijeler
Täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda raýatlaryň saglygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak işleri giň gerimde alnyp barylýar. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan jemgyýetçilik-syýasy, ylmy-amaly, medeni we sport çäreleri halkyň sagdyn hem-de abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirildi. Bu babatda paýtagtymyzda üstünlikli geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat aýratyn ähmiýete eýe boldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, raýatlar üçin ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary ýola goýulýar: täze lukmançylyk edaralary gurulýar, öň bar bolanlarynyň durky täzelenýär hem-de olar häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilýär. Bilşimiz ýaly, golaýda hünär baýramçylygynyň şanyna «Arçman» şypahanasynyň goşmaça täze 400 orunlyk binalar toplumy, Aşgabat şäherinde bolsa Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, Stomatologiýa merkezi we Halkara pediatriýa merkezi açylyp ulanmaga berildi. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan bu merkezler ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynyň üstüni ýetirip, ilata halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlär. Munuň özi milli saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň nobatdaky guwandyryjy beýanydyr. Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň binalar toplumyndan uniwersitetimiziň ugurdaş kafedrasy üçin ýer bölünip berildi. Bilimiň, ylmyň we önümçiligiň bir ýerde jemlenmegi hünärmenleriň, hususan-da, ýaşlaryň hünär taýdan kämilleşmegine, lukmançylyk ylmynyň we amalynyň inçe syrlaryny ýeterlik ele almagyna hem-de amaly taýdan tejribe toplamagyna oňyn täsirini ýetirer.
Ýokary okuw mekdebimizde halkara bilim we ylym hyzmatdaşlygyna, mugallymlaryň hünärini kämilleşdirmek hem-de ýokarlandyrmak işine uly ähmiýet berilýär. Mysal üçin, saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça golaýda geçirilen halkara foruma gatnaşmak üçin Koreýa, Belarus Respublikalaryndan, Russiýa Federasiýasyndan gelen tanymal alym lukmanlaryň ýörite okuw sapaklary guraldy, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň, Belarusuň, Mongoliýanyň we Gruziýanyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.
Hünär baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde uniwersitetimizde «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahatyň oftalmologiýa bölüminiň işi giňden ýaýbaňlandyryldy. Daşary ýurtly alym lukmanlara alymlyk adyny dakmak hem-de ýurdumyzyň zähmetde tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini sylaglamak dabaralary toý ruhunda geçirildi. Baýramçylygyň esasy wakalarynyň biri-de Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVIII jildiniň elimize gowuşmagydyr. Täze kitap owadan reňkli suratlar bilen göwnejaý bezelipdir. Onuň sahypalarynda halk lukmançylygynda ulanylýan 173 sany ösümlik barada giňişleýin maglumat berlipdir. Kitabyň esasy maksady lukmançylyk ulgamynyň işgärlerini, dermanlyk çig mallary taýýarlaýanlary we ýygnaýjylary dermanlyk ösümlikleriň gurluşy, bitýän ýerleri, ýaýraýşy, himiki düzümi, ösüş şertleri, lukmançylyk tejribesinde peýdalanylyşy, şeýle-de ýygnamagyň möhleti, usullary, saklamagyň düzgünleri we beýlekiler baradaky maglumatlar bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.
Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň ähmiýeti ägirt uludyr. Ol diňe bir ýurdumyzyň lukmançylyk ylmyny ösdürmekde däl, eýsem, dünýä fitoterapiýasyny kämilleşdirmekde hem möhümdir. Häzir bu kitaplar biziň her birimiziň ýankitabymyza, aýrylmaz hemramyza öwrüldi. Olar daşary ýurtlaryň ylmy jemgyýetçiliginde hem uly höwes bilen okalýar we içgin öwrenilýär. Munuň şeýledigini kitaplaryň dünýä dilleriniň birnäçesine terjime edilmegi-de aýdyň subut edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby lukmançylyk uniwersitetinde alnyp barylýan okuw, ylmy we bejeriş işlerinde giňden ulanylýar. Hünärleriň okuw meýilnamalaryna laýyklykda, talyplar bilen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly okuw dersi geçilýär. Kitaplarda ýerleşdirilen ösümlikleriň ençemesi okuw maksatnamalarynyň mazmunyna girizildi. Okuw sapaklarynda talyplar dermanlyk ösümlikleriň halk we häzirki zaman lukmançylygynda peýdalanylyşy, olaryň esasynda dermanhana we senagat şertlerinde taýýarlanylýan dermanlaryň görnüşleri barada giňişleýin düşünje alýarlar. Talyplara berilýän nazary bilimleri amaly taýdan has-da berkitmek maksady bilen, farmasiýa hünärinde okaýan talyplar meýdan şertlerinde okuw we önümçilik tejribeliklerini geçýärler.
Häzir ýokary okuw mekdebimizde täze innowasiýalara daýanyp, halk lukmançylygynda gadymdan bäri belli bolan dermanlyk ösümlikleri ylmy taýdan esaslandyryp öwrenmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda dermanlyk ösümlikleri öwrenmäge bagyşlanan ylmy-amaly we okuw-usuly maslahatlary, ylmy we ylmy-döredijilik bäsleşiklerini görkezmek bolar. Şeýle-de hünärmenlerimiziň ylmy işleriniň ýygyndylarynyň, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda neşir edilýän ylmy žurnallarda makalalarynyň çap edilýändigini aýtmalydyrys. Uniwersitetimiziň professor-mugallymlaryndan we talyplaryndan düzülen toparlaryň özara Ylalaşyklar, Ähtnamalar esasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ilerledilýän daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde bolup, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby we ýurdumyzyň şypahanalarynda bejeriş, dikeldiş maksatlary üçin ulanylýan tebigy baýlyklary bilen tanyşdyrmaga bagyşlanan ylmy-amaly maslahatlary hem-de olara gabatlap ýörite sergileri gurandyklaryny hem bellemek ýakymlydyr.
Diýarymyzda saglyk syýasaty babatda gazanylýan oňyn üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler ak ýürekden zähmet çekmäge höweslendirýär hem-de öňümizde uly wezipeleri goýýar. Ýokary okuw mekdebimiziň agzybir professor-mugallymlary netijeli işlemäge, talyp ýaşlar bolsa döwrebap bilim almaga, hünär öwrenmäge, ylmy-barlag işlerini geçirmäge döredip berýän amatly şertleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we alym Arkadagymyza öz hoşallyklaryny bildirýärler.
Ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan beýik işlerinde hormatly Prezidentimize we lukman Arkadagymyza mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýäris.
Nargözel MYRATNAZAROWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor.



















