Ýaş artistleriň ynamly ädimleri
Şu ýylyň 5 — 9-njy oktýabry aralygynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty bölüminiň talyplaryndan ybarat bolan döredijilik topary Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Gazagystan Respublikasynyň Türküstan şäherinde geçirilen Türki dünýäniň IV halkara talyplar teatr festiwalyna gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler.
Ýurdumyzyň ýaşlar döredijilik topary halkara festiwala Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaplaryndan ugur alyp, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Şageldi Salyhowyň edebi esasyny ýazan, şol ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Merdan Handurdyýewiň sahnalaşdyran «Bedew sarpasy» eseri bilen gatnaşdy.
Gyzykly wakalara, aýdym-sazlara beslenen bu sahna oýnunda türkmen ýigidiniň şabaz bedewlere bolan söýgüsi, milli mirasymyzyň köpöwüşginliligi açylyp görkezilýär. Sahna oýnunda türkmen halkynyň gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi bedewlerine egsilmez buýsanjy hem-de milli seýisçilik sungatyna bolan hormat-sarpasy beýan edilýär. Halkara teatr festiwalyna türkmen ýaşlary bilen birlikde, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan hem-de Türkiýeden talyplar teatrlarynyň döredijilik toparlary gatnaşdylar. Festiwalyň işine ýurdumyzdan emin agza hökmünde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Aşyrmyrat Gurbanow gatnaşdy.
Teatr festiwalynyň baş baýragyna Hoja Ahmet Ýasawy adyndaky Halkara gazak-türk uniwersitetiniň aktýorçylyk sungaty bölüminiň talyplarynyň döredijilik topary mynasyp boldy. Olar gazak ýazyjysy M.Omarowanyň pýesasy esasynda, ady agzalan ýokary okuw mekdebiniň mugallymy M.Aýtjanulunyň režissýorlygynda «Chanel №5» atly sahna oýnuny sahnalaşdyrdylar.
Gözden geçirilişiň emin agzalary türkmen ýaşlarynyň sahnalaşdyran eseriniň türkmenlerde bedewlere goýulýan hormat-sarpany ýokary derejede dabaralandyrýandygyny nygtadylar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti halkara teatr festiwalynyň «Milli mowzugyň iň gowy işlenen sahna oýny» atly ýörite baýragyna mynasyp görüldi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen talyplaryna halkara festiwalyň kubogy, TÜRKSOÝ-yň Baş sekretarlygynyň hem-de Hoja Ahmet Ýasawy adyndaky Halkara gazak-türk uniwersitetiniň Hormat haty, Türküstan şäher häkimliginiň Minnetdarlyk haty gowşuryldy.
Umuman, türkmen talyplarynyň teatr festiwalynda behişdi bedewlerimizi wasp eden sahna oýny baý mazmunly, täsirli sahna eseri hökmünde tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdy. Döredijilik gözden geçirilişinde dürli ýurtlardan gelen ýaşlaryň tejribe alyşmagyna, halypalaryň ussatlyk sapaklaryna gatnaşmagyna ähli şertler döredildi.
Türki giňişlikde gatnaşyklary pugtalandyryp
Türkmenistan bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) arasynda köpugurly gatnaşyklar yzygiderli ilerledilýär. Şu ýylyň 5-6-njy oktýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Kaýseri şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-yň ýokary wezipeli wekiller komitetiniň 7-nji mejlisine ýurdumyzyň wekiliýeti hem işjeň gatnaşdy.
Mejlisde 2027-nji ýylda TÜRKSOÝ tarapyndan geçiriljek medeni çäreleriň meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň Kaýseri şäheriniň 2027-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň maksatnamasy tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylyň dowamynda TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda suratkeşleriň duşuşygy we olaryň eserleriniň sergisi, kompozitorlaryň döredijilik duşuşygy we halk aýdym-sazlarynyň, şeýle hem opera eserleriniň konserti, simfoniki orkestrleriň hem-de Ýaşlar hor aýdymlary toparlarynyň konserti, talyplar teatrlarynyň festiwaly, VI halkara teatr festiwaly, döwlet teatr ýolbaşçylarynyň döredijilik duşuşygy ýaly çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şonuň ýaly-da, «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly, «Altyn Garagöz» halkara tans festiwaly, muzeý we kitaphana işgärleriniň duşuşyklary, ýazyjy-şahyrlaryň, alymlaryň kitaplarynyň sergileri we ýaş ýazyjy-şahyrlaryň duşuşyklary, meşhur şahsyýetleriň ýatlama agşamlary, zenanlar döredijilik hepdeligi we modalar günleri ýaly iri halkara çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi bellenildi. Mundan başga-da, geljek ýylyň dowamynda türki döwletleriň nakgaşlarynyň, fotosuratçylarynyň kataloglaryň, döwürdeş ýazyjy-şahyrlaryň eserleri, žurnallar we beýleki neşir önümleri çap ediler.
Türki döwletleriň medeni gurşawynda şeýle çäreleriň, konsertleriň yzygiderli guralmagy doganlyk halklaryň arasyndaky ruhy baglanyşygy has-da pugtalandyrmakda, döredijilik babatda özara tejribe alyşmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy.



















