Dostluga çagyrýan kitap — doganlyk dilde
— Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň azerbaýjan dilinde neşir edilmegi diňe bir möhüm medeni waka bolman, eýsem, Türkmenistanyň parahatçylyga, ynanyşmaga we özara düşünişmäge esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ýörelgelerini, üýtgewsiz hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň düýp many-mazmunyny Azerbaýjanyň giň okyjylar köpçüligine ýetirmekde uly ähmiýete eýedir. Bu, öz gezeginde, halklarymyzyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegine öz goşandyny goşýar. Bu ajaýyp eser türkmeniň döwletlilik taglymlarynyň esasy, onuň taryhy kökleri we häzirki zaman halkara gatnaşyklar ulgamynda eýeleýän orny bilen has çuňňur tanyşmaga azerbaýjanly okyjylara giň mümkinçilik döredýär. Şunuň bilen birlikde, bu eserde parahatçylygy, özara ynamy, hormaty we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen yzygiderli tagallalaryň ideologik binýady aýdyň beýanyny tapýar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty ýurduň häzirki zaman ösüş strategiýasynyň iň möhüm sütünleriniň biri bolup, halkara gatnaşyklarda parahatçylyk hem-de özara düşünişmek ýörelgelerini dabaralandyrmaga hyzmat edýär. Ýurtlaryň arasynda özara ynamy berkitmek, halkara hukugyň kadalaryny we ýörelgelerini gyşarnyksyz berjaý etmek, sebitleýin hem-de ählumumy hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmek bu syýasatyň esasy maksatlary hökmünde bellenilip geçilýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilmegi, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän çäreler bu syýasy ugruň ählumumy ähmiýete eýedigini aýdyň görkezýär. Şu nukdaýnazardan, bu kitap Türkmenistanyň parahatçylyk, ynanyşmak we özara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruny öwrenmekde gymmatly çeşme bolup durýar.
Doganlyk Türkmenistanyň daşary syýasy ugurda gazanýan ägirt uly üstünlikleri bizi diýseň begendirýär. Azerbaýjan ýurduň hemişelik Bitaraplyk derejesine hormat bilen garap, halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we özara ynanyşmagy pugtalandyrmakda onuň eýeleýän ornuna ýokary baha berýär. Azerbaýjan Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýar we olaryň birnäçesiniň awtordaşy bolup çykyş edýär.
Ähli ýyllarda bolşy ýaly, şu ýyl hem Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň arasynda birnäçe gezek ýokary derejede özara saparlar amala aşyrylyp, syýasy, ykdysady, ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň şu hepdede Türkmenistana amala aşyran iş sapary hem ýurtlarymyzyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Şeýle hem Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewanyň gatnaşmaklarynda we guramaklarynda «Ene tebigat» atly halkara sungat sergisiniň açylyş dabarasynyň geçirilendigini bellemek gerek. Bu halkara sergi sungatyň adamlary ählumumy gymmatlyklaryň daşyna jebisleşdirmäge, tebigata söýgini artdyrmaga we biziň hemmämiziň geljek nesilleriň öňündäki jogapkärçiligimizi ýatlatmaga ukyplydygynyň beýany boldy.
Sözümiň ahyrynda bu gymmatly eseri azerbaýjan diline terjime edip, giň okyjylar köpçüligine ýetirmäge döredip beren mümkinçilikleri üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa çuňňur hoşallygymy beýan edýärin. Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň döwet galamynyň ýiti bolmagyny, egsilmez döredijilik ylhamyny, ýurduň we onuň halkynyň bähbidine gönükdirilen giň gerimli işleriniň, möhüm başlangyçlarynyň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.
Gülşat ÝUSUPOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty:



















