Polşanyň Silez akademiýasynyň wekilleri Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde boldular
Aşgabatda geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Polşa Respublikasynyň Silez akademiýasynyň wekilleri 13-nji oktýabrda S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine baryp gördüler. Bu barada ýokary okuw jaýynyň resmi saýtynda habar berildi.
Myhmanlar — akademiýanyň rektory, professor, ylymlaryň kandidaty Aleksandr Tadeuş Ostenda hem-de halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň direktory, professor, ykdysady ylymlaryň doktory Ýuriý Petrowiç Witkowskiý uniwersitetiň şäherçesinde döredilen döwrebap mümkinçilikler bilen tanyşdylar. Olar okuw merkezlerine, agromeýdança, sport toplumlaryna, tikinçilik sehine, janly tebigatyň muzeýine we ýyladyşhana baryp gördüler.
Geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen Ýewropa ýurtlarynyň, şol sanda Polşanyň bilim edaralarynyň arasynda ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň barha ösdürilýändigi bellenildi. Hünärmenleri taýýarlamak, ylmy gatnaşyklary giňeltmek we halkara taslamalary amala aşyrmak ugurlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy.
Duşuşykda myhmanlara Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gurluşy, okuw-ylmy mümkinçilikleri we gazanan üstünlikleri barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle hem bilim, ylym we oba hojalygy ulgamlarynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berýändigi bellenildi.
Silez akademiýasynyň wekilleri türkmen-polýak gatnaşyklarynyň, aýratyn-da bilim we ylym ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirdiler.



















