Aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerini durmuşa geçirmekde, milli ykdysadyýetimiziň pudaklary zähmet bazarynyň isleglerine laýyklykda orta hünär bilimli hünärmenler bilen üpjün edilýär. Şeýle hem MosIUR the three university missions, World University Rankings 2026, QS World University Rankings, Shanghai Ranking bütindünýä reýting guramalarynyň hasaplamasy esasynda we “Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň reýting bahalandyrmasy hakynda Düzgünnama” laýyklykda ýöredilýän reýtingde orta hünär okuw mekdepleriň arasynda 2025-2026-njy okuw ýylynyň jemleri boýunça Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi II orna mynasyp bolandygy üçin orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Munuň bilen birlikde “Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň pedagogik işgärleriniň reýting bahalandyrmasy hakynda Düzgünnama” esasynda ýerine ýetiren işleri boýunça orta hünär okuw mekdebimiziň mugallymlary Meredowa Maral, Hezziýew Orazmyrat, Hydyrow Amangeldi ilkinji ýigrimilige girmegi başardylar. Bu üstünlikler orta hünär oruw mekdebimiziň taryhynda altyn harplar bilen bellenildi. Dabaraly çärä Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Baýramaly şäher komitetiniň wekilleri hem gatnaşyp, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurdylar. Dabaraly çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi



















