Halkara simpoziumda türkmen alymlary Magtymguly mirasy boýunça çykyş etdiler
Türkmenistana wekilçilik eden Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň alymlary 8–9-njy oktýabrda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirilen «Türk dünýäsinde azerbaýjan diliniň we edebiýatynyň öwrenilişi» atly halkara simpoziuma wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar. Hazar uniwersiteti bilen Ýusup Balasagun adyndaky Gyrgyz milli uniwersitetiniň bilelikde guran ylmy forumy Hazar uniwersitetiniň 35 ýyllygyna hem-de Birinji Baku türkologiýa gurultaýynyň 100 ýyllygyna bagyşlandy. Bu barada Türkmenistanyň ýokary okuw jaýynyň resmi saýtynda habar berildi.
Simpoziuma Azerbaýjandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Türkiýeden, Gazagystandan, Özbegistandan, Türkmenistandan, Fransiýadan we beýleki ýurtlardan alymlar gatnaşyp, azerbaýjan diliniň öwrenilişi, türki halklaryň umumy edebi mirasy, edebi gatnaşyklary hem-de azerbaýjan dili bilen edebiýatynyň halkara derejede okadylyşy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Amannepes Şihnepesow «Şygyr tekstleriniň türkmen dilinden azerbaýjan diline we azerbaýjan dilinden türkmen diline terjime tejribeleri (Magtymguly Pyragynyň we Samad Wurgunyň eserleriniň terjimesi esasynda)» atly çykyş etdi. Türkmen dili kafedrasynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Tagandurdy Bekjäýew bolsa «Magtymguly Pyragynyň dilinde Azerbaýjan we azerbaýjan edebiýaty» atly ylmy nutugy bilen çykyş etdi.
Simpoziumyň jemleri boýunça ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen teklipler kabul edildi, degişli kararnamalar tassyklanyldy we gatnaşyjylara sertifikatlar gowşuryldy.



















