BILIM ULGAMYNA DÖWREBAP TEHNOLOGIÝALAR ORNAŞDYRYLÝAR
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi ýurdumyzyň nebitgaz pudagy üçin öňdebaryjy we ýokary taýýarlykly hünärmenleri taýýarlaýan bilim ojaklarynyň biri bolup, soňky ýyllarda bu ýerde bilim ulgamyna iň döwrebap sanly we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak işleri yzygiderli we giň gerimde alnyp barylýar.
Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, mekdebiň resmi platformasy bolan balkanabatnohom.edu.tm saýtynyň üsti bilen Moodle okuw dolandyryş ulgamy, «eTalyp» programmasy, elektron kitaphana, elektron resminama dolanyşygy we elektron hasaba alyş ulgamlary işjeň durmuşa geçirildi. Bu sanly infrastruktura talyplara dersler boýunça taýýarlanylan audio we wideo sapaklary yzygiderli özleşdirmäge, mugallymlara bolsa okuw monitoringini we synaglary sanly ulgam arkaly guramaga giň mümkinçilikleri berýär. Okuw edarasynyň maddy-tehniki binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde häzirki wagtda synp otaglary wideo-proektorlar, ýokary tizlikli internet hem-de içerki lokal ulgamlar bilen doly üpjün edildi.
Mekdebiň ylmy-döredijilik merkezinde häzirki zaman ylmy barlaglaryny has-da kämilleşdirmek maksady bilen 3D printer tehnologiýasy ýola goýuldy. Talyplar we mugallymlar bu döwrebap gurluşy özleriniň ylmy we taslama işlerinde önümçilik enjamlarynyň, çylşyrymly detal bölekleriniň üç ölçegli taslamalaryny maddy görnüşde çap edip öwrenmek üçin amalyýetde yzygiderli peýdalanýarlar. Esasanam, okuw prosesine tapgyrlaýyn ornaşdyrylýan wiar äýnekleri arkaly wirtual gezelençler guralyp, talyplar hakyky önümçilik meýdançalaryna tejribelige göni gitmezden, şol gurşawyň zähmet şertleri we tehniki howpsuzlyk kadalary bilen üç ölçegli giňişlikde wirtual görnüşde tanyşýarlar. Mekdebiň mugallymlarynyň we talyplarynyň sanly tehnologiýalary şeýle ýokary derejede ulanmagy, olaryň döwlet derejesindäki ders we ylmy taslama bäsleşiklerinde öňdebaryjy orunlary eýelemegine, okuw edarasynyň bolsa umumy reýtingde ýokary görkezijilere eýe bolmagyna şert döredýär.
Bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlara we bilim alýan talyp ýaşlara dünýäniň ösen tehnologiýalaryny öwrenmäge we bilim ulgamyna ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.



















