Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Dabaranyň dowamynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk döwlet taglymatynyň ýurduň durmuş-ykdysady we syýasy ösüşindäki tutýan taryhy ornuna aýratyn ünsi çekdiler. Halk Maslahatynyň mejlislerinde kabul edilýän her bir taryhy we ykbalçözüji kararlaryň, il-ýurt bähbitli başlangyçlaryň we täze maksatnamalaryň milli demokratiýanyň iň kämil nusgasy bolup durýandygy we munuň halkyň erk-islegini, abadançylygyny hemişe birinji orunda goýýandygy barada giňişleýin durup geçdiler.
Mundan başgada Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň ösüşiň demokratik, innowasion we ynamly ýoly bilen geljege tarap barha öňe barýandygy hakynda buýsançly gürrüňler edildi. Esasan hem bilim, ylym we önümçilik ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy, ýaş hünärmenleriň dünýä derejesinde kemala gelmegi üçin döredilýän giň mümkinçilikler barada anyk mysallar getirilip, muňa okuw ojagynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýandygy nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň milli bähbitlerini hemmetaraplaýyn goraýan we ýurdy beýik geljege tarap ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykan sagbolsunlaryny hem-de alkyş sözlerini aýtdylar.



















