Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň güýzki dynç alyş gezelenjinden ajayyp pursatlary
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Bereket etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň güýzki dynç alyş günlerini täsirli we ýatda galyjy geçirmekleri üçin mekdebiň meýilnamasy esasynda dürli çäreler gurnalýar.
2026-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda mekdep okuwçylarymyz etrabymyzyň Tikin kärhanasy gezelenje gitdiler. Okuwçylar topary synp ýolbaşçylary bilen bilelikde kärhananyň işiniň gidişine we gymmatbaha mata önümleriniň öndürilşine syn etdiler.
Okuwçylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň oňat ýaşaýşy baradaky aladasyny görüp, gözli şaýat boldular.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlary hünäre ugrukdyrmak baradaky syýasatyndan ugur alyp, gurnalan bu gezelenç okuwçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Balkan welaýatynyň Bereket etrap bilim bölümi



















