Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynda geçirilen Bütindünýä maslahata hem-de bilim forumyna gatnaşdylar
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 17-26-njy oktýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde geçirilen Pekin hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň 70 ýyllygy mynasybetli guralan “2026-njy ýyl – Adaty lukmançylyk boýunça Bütindünýä maslahatyna” hem-de Adaty lukmançylyk boýunça bilim forumyna gatnaşdylar.
Maslahatyň hem-de bilim forumynyň işine dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň we ylmy merkezleriniň wekilleri gatnaşyp, adaty lukmançylygy häzirki zaman lukmançylygy bilen utgaşdyrmak, sanly emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Forumyň dowamynda uniwersitetleriň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen badalga berlen we 10 ýyldan gowrak wagt bäri üstünlikli dowam edýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeleri, uniwersitetimizde hytaý lukmançylygyny okatmak boýunça ýörite okuw otagynyň işi barada giňişleýin maglumat berildi.
Saparyň çäklerinde Pekin hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň 70 ýyllyk dabaralaryna gatnaşyldy, uniwersitetiň rektory hem-de Halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň hünärmenleri bilen resmi duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklarda hünärmenleri we talyplary taýýarlamak, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek hem-de bilelikdäki ylmy-barlag işlerini geçirmek boýunça özara ylalaşyklar gazanyldy.
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti



















