Geljege gönükdirilen ynamly ädimler
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Raýat, Zähmet, Maşgala kodekslerine, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Bilim hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Meýletinçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna hem-de ýaşlar syýasaty çygryndaky beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna, şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyna», «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyna», «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda Durnukly ösüş ugrunda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasyna» laýyklykda işlenip taýýarlandy.
Türkmenistanda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ýurdumyzda hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetleri kemala getirmäge, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, olary watansöýüjilik, millilik we raýat jogapkärçiligi ruhunda terbiýelemäge, ýurduň ýaş raýatlaryny dünýä medeniýetine ýakynlaşdyrmaga, olaryň hukuk medeniýetini, sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmäge, bilim, ylym almaklary we işe ýerleşmekleri üçin zerur şertleri döretmäge, ýaşlaryň başlangyçlaryny we telekeçiligini goldamaga, ýaş maşgalalara durmuş goldawyny bermäge gönükdirilendir. Ol ýaşlarymyzyň hukuklaryny we bähbitlerini goramagy, olaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmagy, häzirki döwrüň çylşyrymly sanly we ykdysady şertlerine uýgunlaşmagyny üpjün etmegi, şeýle hem ýaşlary milli medeni mirasa, şöhratly taryhymyza sarpa goýmak we watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegi, olarda ýokary ahlak häsiýetleri kemala getirmegi hem-de adamkärçilik sypatlaryny ösdürmegi esasy wezipeleriň hatarynda goýýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» tassyklanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu resminama bilimli, döredijilikli, watansöýüji, zähmetsöýer, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan hem-de jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýan nesli kemala getirmäge gönükdirilen giň gerimli döwlet maksatnamasydyr.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ösüşinde ýaşlaryň eýeleýän ornuna aýratyn ähmiýet berdi. Hormatly Prezidentimiz hem ýaşlaryň bilim almagy, hünär öwrenmegi, ylmy we döredijilik mümkinçiliklerini açmagy üçin şertleriň giňeldilmegini döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde öňe sürýär. Ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň miweleri ýurdumyzda ýaş nesliň jemgyýetçilik durmuşyndaky işjeň ornunyň barha ýokarlanýandygyny görkezýär.
Maksatnamada ýaşlaryň ylym, innowasiýa we täze tehnologiýalar bilen bagly mümkinçiliklerini ösdürmäge üns berilmegi hem aýratyn ähmiýete eýedir. Resminamada emeli aň, kiberhowpsuzlyk, sanly ykdysadyýet, startaplar we innowasion taslamalar möhüm ugurlaryň hatarynda görkezilýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda döredilen Ýaş alymlar merkeziniň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmak bellenilýär. Ýaş alymlary ylmy taslamalara, halkara ylmy maslahatlara, bäsleşiklere çekmek, olaryň tejribeli alymlar bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmek möhüm wezipeleriň biridir. Şeýle-de, ýaşlaryň emeli aňdan, internetden we sanly tehnologiýalardan dogry peýdalanmagy, maglumat howpsuzlygy we sanly medeniýet boýunça bilimleriniň artdyrylmagy Ýaşlar guramasynyň täze döwrüň talaplaryna laýyk gelýän iş ugurlarynyň biridir.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, ilkinji nobatda, ýaşlary watançylyk, milli buýsanç we raýat jogapkärçiligi ruhunda terbiýelemek işlerine aýratyn üns berýär. Ýaşlary milli taryhymyzy, medeni mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy öwrenmäge, jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmaga we halal zähmeti durmuş ýörelgesine öwürmäge höweslendirýär. Şonuň üçin Maksatnamanyň möhüm ugurlarynyň biri hem ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamakdyr. Biziň guramamyz täze pikirleri ýüze çykarmaga we olaryň durmuşa geçirilmegine amaly ýardam berýär. Ýaşlar guramasynyň welaýat, şäher we etrap geňeşleri öz çäklerinde döredijilikli, ylma höwesli, täzelikçi ýaşlaryň maglumat binýadyny döredýärler, olaryň tekliplerini öwrenip, degişli hünärmenler, edaralar we guramalar bilen arabaglanyşygyny ýola goýýarlar.
Şeýle hem Maksatnamada meýletinçilik hereketine uly orun berilýär. Meýletinçiligi bir gezeklik çäre bolman, ýaşlarda jemgyýetçilik jogapkärçiligini ösdürýän dowamly ýörelge hökmünde ösdürmek bellenilýär.
Ýaş nesliň bilim almagy, hünär öwrenmegi, ylymda, sportda, medeniýetde we jemgyýetçilik durmuşynda öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmegi üçin döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirýäris. Öňde goýlan belent wezipeleri durmuşa geçirmekde Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işgärleri we işjeň agzalary mundan beýläk-de degişli edaralar we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde maksada okgunly iş alar bararlar. Ýaşlara bildirilýän ynam we döredilýän mümkinçilikler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň geljeginiň berk binýadyna öwrüler.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.



















