Döwrebap usullardan peýdalanmak
Häzirki wagtda bilim ulgamynyň kämilleşmegi, kompýuter tehnologiýalaryny ulanmagyň giň gerime eýe bolmagy audio-wideo serişdeleriniň sapaklarda giňişleýin peýdalanylmagy okuw sapaklarynyň täsirliligini artdyrýar. Okuwçylarda sapaga bolan gyzyklanmany döretmek, ilkinji nobatda, mugallymyň döredijilikli işlemegine bagly. Mugallym sapagy guranda, ony oýunlaryň üsti bilen berkitmek ýa-da bilim bäsleşiklerini geçirmek arkaly utgaşdyrsa maksadalaýyk bolýar. Mysal üçin, «Özbaşdak many aňlatmaýan söz toparlary» diýen tema geçilende, ony internatiw usulda okuwçylara düşündirmek ýerlikli bolar.
Multimedia tagtasynda sowallar çykýar. Soraglaryň garşysyndaky berlen jogaplaryň haýsy dogry bolsa, okuwçylar ony tagtada ýazyp görkezmeli bolýar. Bu bolsa okuwçylar üçin örän gyzykly bolup, olar dogry jogaby tapmaga synanyşýarlar. Şunlukda, okuwçylaryň hemmesi sapaga işjeň gatnaşýarlar. Soňra okuwçylardan ýasama sözleri sözlem içinde getirmegi we bir söz toparyndan başga söz toparynyň ýasalandygyny soraýarys. Şeýlelikde, okuwçylaryň mugallym we biri-biri bilen dostana gatnaşyklary, sözleýişleriniň kämilleşdirilmegi, pikirleniş ukyplarynyň artdyrylmagy ýola goýulýar.
Ýokary synplarda bir sözüň manydaş sözlerini özbaşdak gözlemek, tapmak okuwçylary has-da gyzyklandyrýar. Mysal üçin, «gözel», «owadan», «nepis», «ajaýyp» ýaly sözüň sinonimleri multimedia tagtasynda görkezip, okuwçylara ony dowam etmegi tabşyrmak olaryň söz baýlyklarynyň artmagyna ýardam edýär. Durnukly söz düzümleriniň manysyny dogry tapmak hem okuwçylaryň dil baýlygyny artdyryp, çeper sözleýşini ösdürýär, jümleleriň manysyny dogry çözmek işini kämilleşdirýär.
Ene dilimiziň sowatly özleşdirilmegi okuwçylaryň ruhuny göterýär, halk döredijilik eserlerimize, aýtgylarymyza, parasatly sözlerimize dogry düşünmäge ýardam berýär. Şeýle-de okuwçylaryň okamaga bolan höweslerini artdyryp, gymmatly edim-gylymlarymyzyň ýaşlaryň terbiýesine oňaýly täsir etmegine itergi berýär. Şeýlelikde, synpyň ähli okuwçylary geçilen temany oňat özleşdirýärler.
Laçyn GURBANOWA,
Gyzylarbat etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiň mugallymy.



















