Çagalaryň dünýägaraýşyny ösdürmek
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Türkmenistan Watanymyz bedew bady bilen ösüşlere beslenýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleri ata Watanymyza wepaly, dogduk mekanymyzyň ajaýyplyklaryna guwanyp, gözellige söýgi döretmek, olara aýawly garamak we goramak duýgularyny kemala getirmekde mekdebe çenli bilim-terbiýeçilik edaralarynda alnyp barylýan işleriň ähmiýeti uludyr. Mekdebe çenli bilim edaralarynda körpeleriň irki ýaşdan başlap duýgularyny ösdürmek, sapaklary guramak bilen, olaryň entek näzijek duýgularyny oýarmak terbiýeçilik işgärleriniň paýyna düşýär. Duýgulary ösdürmegiň üsti bilen pikirlenme, görüş, eşidiş, syzyş, tagam biliş duýgularyny kämilleşdirmek bolýar. Bulary diňe bir sapaklaryň üsti bilen kämilleşdirmän, eýsem, gezelenç döwründe, baýramçylyk säherliklerinde hem ýüze çykarmak bolar.
Sapakdan daşary gezelenç döwründe körpeleriň meýdandaky agaçlara syn edip, olaryň her pasla görä üýtgemegine ünsi çekmeli. Güýz paslynda ýapraklaryň saralyp ýere gaçyşyny synlamak, munuň howa ýagdaýynyň üýtgemegi, salkynlamagy bilen ýüze çykýandygyny düşündirmek gerek. Gyş paslynda agaçlaryň «gyş ukusyna» gidýändigi, ýaz paslynda howanyň maýlamagy bilen ýere jan girip, agaçlara täzeden ýapraklaryň çykýandygy, tomus paslynda bolsa miweleriň bişýändigi körpeleriň ünsüni çekýär. Tebigatyň özboluşly gözelligine söýgi duýgularyny ösdürmek, olara aýawly garamak ýaly duýgulary terbiýelemek bolar.
Janly tebigata, ýagny guşlaryň jürküldisine diň salyp, eşidiş duýgularyny oýaryp bolýar. Daşky gurşawy arassa saklamak barada sadaja düşünje bermek bilen, gezelenç döwrüniň zähmet bölüminde ýönekeýje arassaçylyk işlerini geçirmäge körpeleri çekmek çagada öz eden işine, çeken zähmetine höwes döredýär.
Umuman, körpeler bilen terbiýeçilik ähmiýetli temalary geçmegiň uly ähmiýeti bardyr.
Ogulsona SETDAROWA,
Aşgabat şäherindäki 161-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.



















