Ekologiýa bilimi — döwrüň derwaýys talaby
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz sebitiň döwletleriniň, tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmekden ugur alýan ekologiýa diplomatiýasyny üstünlikli amala aşyrýarlar. Ýakynda Milli Liderimiziň Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna (COP31) gatnaşmagy hem munuň nobatdaky aýdyň mysaly boldy.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň «COP31» maslahatynyň 11-nji noýabrda geçirilen Liderler sammitinde 2028 — 2037-nji ýyllary BMG-niň «Howanyň durnuklylygynyň we uýgunlaşmagyň onýyllygy» diýip yglan etmek; Howa boýunça Aşgabat dialogyny döretmek; howanyň üýtgemeginiň we onuň ýaramaz netijeleriniň sanly atlasyny taýýarlamak; howa bilen bagly tehnologiýalary bermek boýunça ählumumy hyzmatdaşlyk formatyny döretmek; Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Halkara ekologiýa kodeksini işläp taýýarlamak barada beýan eden 5 sany halkara başlangyjy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny utgaşdyrmagyň ýolunda täze, netijeli ädimleri kesgitledi. Şeýle-de munuň özi ýurdumyzyň bütin adamzadyň abadançylygyna we geljekki nesiller üçin arassa tebigaty gorap saklamaga gönükdirilen ekologiýa diplomatiýasyny Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrdy. «COP31» maslahatynda Türkmenistanyň ilkinji gezek öz milli pawilýonyny gurnamagynyň hem taryhy waka bolandygyny aýratyn bellemek gerek.
Döwletimiziň howanyň üýtgemegi boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde ýaş nesliň işjeňligini artdyrmaga gönükdirilen ulgamlaýyn işleriň ýurdumyzda yzygiderli alnyp barylýandygyny nygtamalydyrys. Şunuň bilen baglylykda, öňde agzalan maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň bilim ministri tarapyndan «Çagalar, ýaşlar we howa bilen bagly hereketler barada» Jarnama gol çekildi. Gol çekmek dabarasyna ÝUNISEF-niň Howa we daşky gurşaw boýunça ählumumy tejribe ugrunyň direktory, ÝUNISEF-niň «COP31» maslahatyndaky wekiliýetiniň ýolbaşçysy Gernot Laganda, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna gatnaşdylar.
Iri halkara foruma taýýarlyk döwründe ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen «ýaşyl» endikler» taslamasyna synag «ýaşyl» mekdeplerinden 42 taslama hödürlendi. Şu ýylyň tomsunda ýurdumyzyň dürli sebitlerinden ýaşlaryň 33-si «COP31» üçin ýaşlaryň milli Beýannamasyny taýýarladylar. Ol BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky konwensiýasynyň ýaşlar toparyna (YOUNGO) gowşurylar. Milli pawilýonymyzda 3 sany ýaş wekilimiz ýurdumyzyň howa boýunça halkara başlangyçlaryny düşündirýärler. Ýeri gelende bellesek, «ýaşyl» mekdepleriň sanyny 500-e ýetirmek, bilim edaralarynda energiýa we suw tygşytlaýjy «ýaşyl» tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak hem-de howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça ýörite okuw maksatnamalaryny has-da kämilleşdirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem ýaşlaryň ekologiýa degişli başlangyçlaryny goldamak, olary tebigaty goramak boýunça halkara taslamalara we forumlara işjeň çekmek, çagalaryň saglygyny hem-de irki ösüşini üpjün etmekde sanly we innowasion hyzmatlaryň elýeterliligini has-da giňeltmek geljekki işleriň esasy ugurlary bolar. Bu giň gerimli wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň bagtyýar, sagdyn we döwrebap şertlerde kemala gelmegine, şeýle hem Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki belent abraýynyň has-da pugtalanmagyna hyzmat eder.
Türkmenistan halkara derejede ýaşlar dialogyny giňeltmek boýunça eýýäm köp işleri durmuşa geçirdi. Döwletimiz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň dialogyny döretmegiň gözbaşynda durdy. Hut howanyň üýtgemegi bu platformanyň 2023-nji ýylda Arkadag şäherinde, 2025-nji ýylda Nýu-Ýorkda, BMG-niň edara binasynda geçirilen duşuşyklarynyň özeninde möhüm orny eýeledi. Ýaşlar sebitimizde ekologiýa boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda raýdaşlygyny görkezdiler. 2025-nji ýylyň awgustynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çägindäki Ýaşlar forumynda bolsa ýaşlar özleriniň gurmak isleýän geljeginiň sudurlaryny beýan etdiler. Oňa görä, ýurtlaryň geografik mümkinçilikleri çäklendirilmeli däldir, howanyň üýtgemegi barada düşünjeleri bermek bilimiň aýrylmaz bölegine öwrülmelidir. Ýaşlar howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga meýilleşdirmegi başarmalydyr. Bularyň hemmesi üçin ýaşlar dialogy hemişelik zerurlyga öwrülmelidir.
«COP31» maslahatynyň çäklerinde 10 — 16-njy noýabr aralygynda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça halkara düzümler bilen birlikde 6 sany tematik sessiýa geçirildi. Şolaryň 3-sinde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň howanyň üýtgemeginiň öňüni almak boýunça ileri tutýan ugurlary barada garaýyşlaryny aýdyňlaşdyryp çykyş etdiler.
Howanyň üýtgemegi — bu ählumumy mesele bolup, onuň öňüni almak diňe syýasatçylaryň, diplomatlaryň işi däldir. Ol döwletleriň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň, ykdysatçylaryň, ekologlaryň, bilermenleriň, bir söz bilen aýdylanda, tutuş ynsan kowmunyň bilelikdäki tagallalaryna bagly işdir. Meseläniň näderejede möhümdigine, wagtynda öňi alynmasa, onuň adamzat üçin nähili howply ýagdaýlara getirip biljekdigine göz ýetirmek üçin ulgamlaýyn ekologiýa bilimini ýola goýmak zerur bolup durýar. Türkmenistanda bu iş, ýaş aýratynlygyna görä, çagalar baglarynda körpeler, orta mekdeplerde okuwçylar, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde talyplar üçin meýilnamalaýyn esasda guralýar. Ýaşlaryň ekologiýa babatda sowatlylygyny kämilleşdirmekde BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri, Aziýanyň ösüş banky bilen bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy, şeýle hem Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlykda ylmy-amaly maslahatlar, okuw maslahatlary, forumlar geçirilip, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek hem hyzmatdaşlygyň strategik ugruna öwrüldi. Bu ugurda oňyn tejribe toplanyp, häzirki döwürde degişli işler yzygiderli dowam etdirilýär.
Çölleşmä garşy göreşmäge we howanyň hilini gowulandyrmaga gönükdirilen «Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» esasynda ýurdumyzda her ýyl ählihalk bag ekmek dabaralary geçirilip, millionlarça düýp agaç nahallary oturdylýar. Oňa mekdep okuwçylary, talyplar, bilim işgärleri işjeň gatnaşýarlar. 2017-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) guramaçylyk goldawy bilen, Türkmenabat şäherinde ilkinji gezek Amyderýa güni geçirildi. 39-njy orta mekdepde ýedinji synpyň okuwçylary üçin Amyderýa gününe bagyşlanyp geografiýadan açyk sapak geçildi. Arkadag şäherinde hem talyp ýaşlaryň «akylly» we «ýaşyl» tehnologiýalar esasyndaky taslamalary üstünlikli amala aşyrylyp, durnukly ösüşiň nusgasy hökmünde halkara güwänamalar gazanylýar.
BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde uzakda ýerleşýän ilatly nokatlarda «ýaşyl» energiýa geçişini goldamak boýunça taslamalar amala aşyrylýar. Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak bilen, energetika pudagyny döwrebaplaşdyrmak we atmosfera zyňylýan zyýanly gazlary azaltmak boýunça yzygiderli çäreleri durmuşa geçirýär.
Hazar deňziniň baý biologik köpdürlüligini gorap saklamak boýunça Hazarýaka döwletler bilen hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Suw meselesi we Aral deňziniň ekologik çökgünligi bilen baglylykda, ýurdumyzyň okuwçy we talyp ýaşlarynyň arasynda bilim berijilik häsiýetli ekologik çäreler geçirilýär.
Hawa, tebigat baradaky aladalar çagalar bagyndan başlanýar. BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde 2025-2026-njy okuw ýylyndan başlap, «Mekdebe çenli çagalar edaralary üçin howanyň üýtgemegi we betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini peseltmäge bolan uýgunlaşma boýunça okuw maksatnamasy hem-de okuw-usuly gollanmalar» taýýarlanylyp, 3 — 6 ýaşly çagalara oýun görnüşinde tebigata söýgi, ekologiýany goramak ýaly düşünjeler öwredilýär. Orta mekdeplerde ýaşlara berilýän ekologiýa bilimi dürli okuw derslerinde, synpdan daşary işlerde, ders, taslama-döredijilik bäsleşiklerinde çuňlaşdyrylan görnüşde dowam etdirilýär. Şu ýylyň 26-njy martynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda ekologiýa dersinden bäsleşik geçirildi. Oňa gatnaşyjylar öz ylmy taslamalary bilen çykyş etdiler. 2022-2023-nji ýyllarda tebigaty öwreniş, ekologiýa, geografiýa, ýaşaýyş-durmuş esaslary, zähmet dersleri boýunça 8 müňden gowrak usulyýet gollanmasy taýýarlanyp, bilim edaralaryna paýlanyldy. Olar degişli ugurda Merkezi Aziýada ilkinji gollanmalardyr.
Daşky gurşawa aýawly çemeleşmek «ýaşyl» mekdepler» taslamasynyň özenini düzýär. Türkmenistanyň Bilim ministrligi we ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan amala aşyrylýan «Ýaşyl» mekdep» maksatnamasy 2025-nji ýylyň martynda 20 sany synag mekdebinde başlap, häzirki wagtda ýurdumyzyň 120 orta mekdebinde hereket edýär we 160 müň okuwçyny gurşap alýar. Şu ýylyň noýabr aýynda bu mekdepleriň 18-si ýurt boýunça ilkinji resmi «Ýaşyl» mekdep» güwänamasyna eýe boldy. ÝUNISEF-niň, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda şu ýylyň aprel — iýun aýlarynda energiýa netijeliligi, galyndylar, gök zolaklar, suw, ekologiýa bilimi we durmuş başlangyçlary ugurlary boýunça «Ýaşyl» başarnyklar» milli bäsleşigi geçirildi. BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan taýýarlanan «Howa gutusy» atly okuw toplumy orta mekdepleriň 2 — 11-nji synplarynda peýdalanylýar. 2018-nji ýylda bu ugurda ilkinji okuw maslahaty geçirildi, 2019-njy ýylda milli görnüşi taýýarlanyldy we 200-den gowrak mugallym okadyldy. Şu ýylyň 1-nji aprelinde onuň täzelenen milli neşiri kagyz we sanly görnüşde gowşuryldy. Şeýle-de şu ýyl Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň alymlarynyň ÝUNISEF-niň goldaw bermeginde umumybilim edaralarynyň mugallymlary üçin howanyň üýtgemegi temasy boýunça ýaşaýyş-durmuş esaslary, geografiýa, ekologiýa, tebigaty öwreniş, oba hojalyk zähmeti derslerinden taýýarlan okuw-usuly gollanmalary neşir edildi.
2025-nji ýyldan bäri ÝUNISEF tarapyndan ýaşlar üçin howanyň üýtgemegi boýunça ýyllyk tomusky mekdep guralýar. Şu ýyl geçirilen ikinji tomusky mekdepde ýurdumyzyň ähli künjeginden gelen ýaşlar «Köpetdag» döwlet tebigy goraghanasyna baryp, tebigaty goramak boýunça amaly tejribe topladylar.
Ekologiýa bilimi hünärmen taýýarlygyny talap edýär. «Geljegiň hünärleriniň atlasynda» Halkara Zähmet Guramasynyň, Ýewropa bilim gaznasynyň we Hünär bilimini ösdürmek boýunça Ýewropa merkeziniň (Cedefop) usulyýetleri esasynda milli ykdysadyýetimiziň 11 pudagy üçin 156 sany täze hünär kesgitlenildi. Olaryň arasynda 2030-njy ýyla çenli zerur bolan 13 sany täze ýa-da düýpli üýtgeýän «ýaşyl» hünärler, ýagny ekoanalitik, ekoauditor, wodorod energetikasy, «ýaşyl» himiýa, gaýtadan dikeldilýän energiýa desgalaryny gurnamak, galyndylary dolandyrmak, daşky gurşaw diplomatiýasy bar.
Ekologiýa we tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak dersi ähli ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň okuw meýilnamasyna girizildi. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň senagat ekologiýasy kafedrasynda öwredilýän daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak hünäri boýunça senagat ekologiýasy, howa zyňyndylaryny arassalamagyň tehnologiýalary, biotehnologiýa we beýleki degişli dersler okadylýar. Uniwersitetde öwredilýän ähli hünärlerde ekologiýa we daşky gurşawy goramak, ekologiýa we durnukly ösüşiň esaslary dersleri boýunça okuw sapaklary geçilýär. Okuw maksatnamalarynda howanyň üýtgemegi, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak, önümçilikleriň daşky gurşawa ýetirýän täsirini peseltmek, galyndylary gaýtadan işlemek, biogaz we biodökün öndürmek, suw we howa arassalaýyş tehnologiýalary ýaly meseleler öwrenilýär. Talyp we diplom taslamalarynda bu ugurlar boýunça ekologik-tehnologik çözgütler işlenip düzülýär. Şeýle hem «Nebit we gaz pudagynda ýüze çykýan metan zyňyndylaryny arassalamagyň tehnologiýasy» atly maket taýýarlanyldy. 2023-nji ýylyň 30-njy martynda uniwersitetde şol wagtky Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň goldawy bilen sowadyjy we howa sazlaýjy ulgamlaryň barlaghanasy açylyp ulanmaga berildi. Şeýle-de Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Wodorod energetikasy merkezi döredilip, suwy elektroliz usuly bilen dargatmak arkaly «ýaşyl» wodorod alyndy. 2025-nji ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda wodorod energiýasy boýunça bilelikdäki ylmy-barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekildi.
Ýokary okuw mekdeplerimiziň ählisi öz işini halkara ekologiýa standartlaryna laýyklykda guramaga çalyşýarlar. 2025-nji ýylda olaryň 12-si «UI GreenMetric» reýtingine girdi. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüşiň bähbidine ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO kafedrasy açyldy. 2026-njy ýylyň iýunynda orta hünär we ýokary okuw mekdepleri üçin howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça bäş modully ýörite okuwlar okadylyp başlandy. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde birnäçe işler alnyp barylýar. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, energetika menejmenti aýratyn dersler hökmünde okadylýar. BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň «Türkmenistanyň uzakda ýerleşýän ilatly nokatlarynyň «ýaşyl» energiýa geçirilmegini goldamak» taslamasynyň çäginde degişli pudaklaryň hünärmenleri bilen birlikde ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgärleri 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda gum obalarynda ylmy barlag işlerini geçirdiler. Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) «Türkmenistanyň «ýaşyl» ösüşi üçin Ýewropa Bileleşigi: 2024 — 2029-njy ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» atly taslamasynyň çäginde agzalan ylmy-önümçilik merkezinde «Mikrosuwotulary we Gün energiýasy bilen işleýän suw nasos ulgamyny ulanyp, zeýkeş suwlaryny arassalamak» atly synag taslamasy alnyp barylýar.
Energiýa barlaglaryndan soň, 2026-njy ýylyň fewral aýynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Nurly zaman obasyndaky 33-nji orta mekdepde 62 panelden ybarat 36 kWt, awgust aýynda bolsa Mary şäherindäki 36-njy orta mekdepde 12,5 kWt kuwwatly Gün elektrik stansiýasy we 48 kWt sag. akkumulýator işe girizildi. Bu ýerde okuwçylar üçin energiýany ölçemek mümkinçiligi döredildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty ekologiýa diplomatiýasyny ösdürmekde, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda we ylmy barlaglary geçirmekde esasy merkezleriň biridir. Ýokary okuw mekdebinde halkara hukugy, diplomatiýa we dünýä syýasaty boýunça bilim alýan talyplara «Ekologiýa diplomatiýasy», «Howa syýasaty» we «Durnukly ösüş» ýaly ugurlar boýunça ýörite okuw sapaklary geçilýär. 2018-nji ýylyň 20-nji dekabrynda institutda açylan Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezinde suw we ekologiýa diplomatiýasy ugurlarynda talyplara halkara ekologiýa konwensiýalary, serhetüsti suw serişdelerini dolandyrmagyň hukuk esaslary we «ýaşyl» ykdysadyýet boýunça gepleşikleri alyp barmagyň inçe usullary öwredilýär. Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi tarapyndan BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň, şol sanda ekologik wezipeleriň Türkmenistanda durmuşa geçirilişi ylmy taýdan öwrenilýär we seljerilýär. Institutyň ýanyndaky «Ýaş diplomatlar» geňeşi ekologiýa, howanyň üýtgemegi we «ýaşyl» geçiş meselelerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahatlary, «tegelek stol» duşuşyklaryny we bäsleşikleri yzygiderli guraýar.
Häzirki wagtda Aziýanyň ösüş banky bilen bilelikde, Bilim ministrligi tarapyndan 2027 — 2030-njy ýyllar üçin «ýaşyl» endikleri ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine ornaşdyrmak boýunça «Ýol kartasynyň» üstünde işlenilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «COP31» maslahatynda öňe süren halkara başlangyçlaryny üstünlikli amala aşyrmak üçin bilim ulgamynda geljekde-de meýilnamalaýyn işler giň gerimde durmuşa geçiriler. Hususan-da, 2028 — 2037-nji ýyllary BMG-niň «Howanyň durnuklylygynyň we uýgunlaşmagyň onýyllygy» diýip yglan etmek başlangyjy boýunça howpsuz, sagdyn mekdepleri giňeltmek hem-de her bir çaga howanyň üýtgemegi barada bilim bermek güýçlendiriler. Howanyň üýtgemeginiň we onuň ýaramaz netijeleriniň sanly atlasyny taýýarlamak boýunça orta we ýokary okuw mekdepleri öz gözegçilikleriniň netijelerini bererler hem-de atlas okuw derslerinde peýdalanylar. Bilim işgärleriniň ekologiýa babatda sowatlylygyny artdyrmaga aýratyn üns berlip, mugallymlaryň bu ugurda ýaşlara şahsy görelde bolmagy esasy maksat ediniler.
Jemläp aýtsak, «ýaşyl» pikirlenme ýurdumyzyň bilim ulgamyndan tutuşlygyna eriş-argaç bolup geçýär. Adatça, ykdysatçylar «ýaşyl» ykdysadyýete geçmegi fiziki ölçeglerde — megawatlarda, tonnalarda ölçeýän bolsalar, biz — bilim işgärleri bu işiň ruhy ölçeglerine aýratyn ähmiýet bermek bilen, «ýaşyl» pikirlenmäni çagalar bagyndaky körpeleriň aňyna ornaşdyrmakdan başlamagy zerur hasaplaýarys. Ýurdumyzyň howa boýunça halkara borçnamalaryny geljekde durmuşa geçirjek hünärmenleriň şu günki gün mekdep partasynda oturan okuwçylardygy sebäpli, bilim ulgamynda ekologiýa bilimi babatda häzirki wagtda amala aşyrylýan işler örän möhüm ähmiýete eýedir. Gün panellerini birnäçe günüň dowamynda gurnamak mümkin bolsa-da, ýaş nesillerde suwy aýawly saklamak endigini, howanyň üýtgemegi bilen bagly maglumatlara düşünmek, olardan baş çykarmak, derýalary, deňizleri, çölleri, sähralary, daglary ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen goramak duýgusyny kemala getirmek yzygiderli bilim işini talap edýär. Ýyllaryň dowamyndaky bu hysyrdyly işde adamyň ýanynda, esasan, onuň bilim-düşünjesi hemişelik hemrasy bolýar. Bilim işgärleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň halkara derejede öňe sürýän ekologiýa degişli başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge hem-de bu ugurda öz üstüne düşýän mukaddes borja aýdyň göz ýetirip, kämil hünärmenleri taýýarlamaga geljekde hem öz mynasyp goşantlaryny goşarlar.
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň bilim ministri.



















