Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tk
ru
en
Turkmenistan Ministry of Science and Education. Innovation Information Center. 2024
slogan
Centralized services and information portal of the Ministry of Education of Turkmenistan
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
Login

News

Innovation information center

„Bilim-kämilligiň binýady" atly şygar bilen bilim işgärleriniň arasynda usuly-amaly okuwlar geçirildi

08.01.2025

149

„Bilim-kämilligiň binýady" atly şygar bilen bilim işgärleriniň arasynda usuly-amaly okuwlar geçirildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligininiň we Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň guramagynda 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň 6-8-i aralygynda „Bilim-kämilligiň binýady" diyen şygar bilen mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleriniň arasynda usuly-amaly okuwlar geçirildi. Usuly-amaly okuwlarda hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek, milli bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ylymly, bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, häzirki zaman usullary we öňdebaryjy innowasiýa tehnologiýalary okuw işine ornaşdyrmak babatda durmuşa geçirilmeli işler hem-de 2024-2025-nji okuw ýylynyň 1-nji ýarymynda geçirilen işleriň hasabaty 2025-nji ýylda öňde durýan wezipeler ara alyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de usuly-amaly okuwlarda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ýolbaşçylary „Bilim hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna" we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna, bilim ulgamyna degişli kabul edilen beýleki Konsepsiýalara, Türkmenistanda umumybilim edaralarynyň döwlet bilim standartyna, Mekdebe çenli döwlet bilim standartyna,,,Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020-2025- nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyna", Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilim işini dolandyrmaklyga degişli kadalaşdyryjy iş resminamalaryna laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işlerini döwrebap guramak boýunça alnyp barylýan işleri ara alyp maslahatlaşyldy hem-de bilim işini döwrebap guramak boýunça iş tejribe alyşyldy. Şeýle-de, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aşgabat şäher raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň raýat goranyşy taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak bölüminiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam hem-de raýat goranyş boýunça okuw sapaklary, çykyşlary guraldy.

neutrality.gov.tm

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Our address

744000, Turkmenistan, Ashgabat city, Baktyarlyk etrap, Magtymguly avenue, 136 house

Turkmenistan Ministry of Science and Education. Innovation Information Center. 2024