Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tk
ru
en
Turkmenistan Ministry of Science and Education. Innovation Information Center. 2024
slogan
Centralized services and information portal of the Ministry of Education of Turkmenistan
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
Login

News

Innovation information center

Ýyladyşhanada gök ekerançylyk

13.01.2025

166

Ýyladyşhanada gök ekerançylyk

Okuw kitaby ýyladyşhanada gök ekerançylyk dersinden S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Agronomçylyk fakultetiniň Bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk hünärinde okaýan talyplar bilen umumy we tejribe okuwlaryny geçirmek üçin niýetlenendir.

Kitapda ýurdumyzyň ýapyk topragynyň gök ekerançylygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi, ýapyk topragyň görnüşleri, ştilhanalarda ştilleriň köpeldiliş usullary, ýyladyşhanalarda gök ekinleri kämil tehnologiýa esasynda ösdürip ýetişdirmek, toprakly we topraksyz şertlerde gök ekinleriň ösdürilip ýetişdirilişi, kömelekhanalarda kömelekleri ösdürip ýetişdirmegiň aýratynlyklary barada gerekli maglumatlar berilýär.

Ýapyk topragyň dürli görnüşlerini önümçilige ornaşdyrmak esasynda ýyladyşhana üçin gök ekinleriň ştillerini ösdürip ýetişdirmek bilen ýokary hasyl almakda uly üstünlikler gazanylýar. Ýapyk topragyň gök ekerançylygynda gök ekinleri, tohumlary we ştilleri bilen köpeltmek, gök ekinleriň ştillerini açyk hem ýapyk toprakda oturtmak, suw tutmak, iýmitlendirmek, bejergi işlerini geçirmek, hasylyny ýetişdirmek, hasyly ýygnamak gök ekerançylaryň ussatlygyna baglydyr.

Ýapyk topragyň gök ekerançylygynda hem tebigy şertlere durnukly, sagdyn gök ekinleriň sortlaryny we gibridlerini ösdürip ýetişdirmek häzirki döwrüň esasy wezipesi. Gök ekinler ýekebara, toparlaýyn kärendeçilik şerlerinde kämil tehnologiýa esasynda ösdürilip ýetişdirilýär.

Ýyladyşhanalarda gök ekerançylygy kada laýyk alyp barmagyň düzgünlerini öz içine alýan «Ýyladyşhanada gök ekerançylyk» atly bu okuw kitaby ylmy işgärler, mugallymlar, talyplar, gök ekerançylar we dürli ugurda işleýän hünärmenler üçin niýetlenendir.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

neutrality.gov.tm

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Our address

744000, Turkmenistan, Ashgabat city, Baktyarlyk etrap, Magtymguly avenue, 136 house

Turkmenistan Ministry of Science and Education. Innovation Information Center. 2024