
Täzelikler
268

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň (HYY we ÖU) wekiliýeti Londona amala aşyran saparynyň dowamynda Westminster uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirdi. Duşuşygyň esasy netijesi «2+2» we «1+1» görnüşindäki iki diplom maksatnamalaryny döretmek boýunça anyk ädimleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy boldy.
Britan ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary Endrýu Linn we Dibýeş Anand hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Taraplar alyş-çalyş maksatnamalaryny, gysga möhletli tomus mekdeplerini we esasy ugurlar boýunça bilelikdäki onlaýn okuwlary ýola goýmak barada ylalaşdylar. Şeýle hem akademiki iňlis dilini okatmak boýunça tejribe alyşmak we täze bilim usullaryny ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Saparyň möhüm wakalarynyň biri Westminster uniwersitetinde geçirilen halkara maslahat boldy. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlandy. HYY we ÖU-nyň wekilleri britaniýaly kärdeşleriniň we talyplaryň öňünde ýurdumyzyň hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty hem-de bilim ulgamyndaky gazanan üstünlikleri baradaky nutuklar bilen çykyş etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda diplomatik ýollar arkaly resmi ylalaşyklary taýýarlamak barada ylalaşyk gazanyldy. Bu hyzmatdaşlyk türkmen ýokary bilim ulgamynyň dünýä akademiki giňişligine goşulyşmagynda möhüm ädim bolar.