
Täzelikler
137

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň (HYY we ÖU) wekiliýeti Londondaky Westminster uniwersitetine iş saparyny amala aşyrdy. Iş saparynyň dowamynda türkmen ýokary okuw mekdebiniň wekilleri bilelikdäki bilim maksatnamalaryny, onlaýn okuwlary we Beýik Britaniýanyň iri halkara guramalarynda tejribelik mümkinçiliklerini ýola goýmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Saparyň çäklerinde Londonyň belli köçelerinde ýerleşýän esasy kampuslara baryldy. HYY we ÖU-nyň wekilleri Beýik Britaniýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň birinde ýerleşýän häzirki zaman ylmy-barlag merkezleriniň, kitaphanalaryň we barlaghanalaryň işi bilen tanyşdylar.
Duşuşyklarda amaly hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Professor Nitaşa Kaul Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy we Durnukly ösüş maksatlary (DÖM) boýunça bilelikdäki onlaýn sapaklary geçirmegi teklip etdi. Bu talyplara tejribe alyşmaga hem-de häzirki zaman okuw usullaryny özleşdirmäge mümkinçilik berer.
Öz gezeginde, professor Karen Jekson HYY we ÖU-nyň talyplaryny Londona gysga möhletli okuw saparlaryna gatnaşmaga çagyrdy.