
Täzelikler
96

2026-njy ýylyň aprel aýynyň 17-sine Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň Odinsowo bölüminiň Maliýe ykdysadyýeti fakultetiniň “Iňlis dili” kafedrasynyň guramagynda “Дидактика иностранного языка и перевода: спектр инноваций в цифровую эпоху” atly Halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa Maglumat merkeziniň Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly habar berýär.
Oňa Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Diller” kafedrasynyň mugallymy Nabat Garryýewa gatnaşyp, “Формирование культурной грамотности — ключевое условие освоения иностранного языка” atly tema bilen çykyş etdi.
Şeýle halkara ylmy-amaly maslahatlarynda çykyş edip, pikir alyşmak daşary ýurt dillerini okadýan mugallymlary üçin örän baý we gymmatly tejribe bolup durýar.