Sanly dünýä: emeli aň we maglumat howpsuzlygy
Hormatly Prezidentimiziň 6-njy noýabrda Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde emeli aň ulgamynda howpsuzlyk boýunça Akaba prosesiniň Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlary derejesindäki duşuşygyna gatnaşmagy Türkmenistanyň sebitde we dünýäde berk howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny hem-de Akaba prosesiniň maksatlarydyr wezipelerini durmuşa geçirmäge netijeli goşandyny goşmaga taýýardygyny tassyklady. Sammitiň gün tertibinde seredilen emeli aň ulgamynda howpsuzlygy üpjün etmek, kiberhowplara garşy durmak bilen baglanyşykly meseleler boýunça ýurdumyzda ylym-bilim binýady barha ösdürilýär. Ýurdumyzyň hünär bilimi ulgamynda hem emeli aň ulgamlaryny öwrenmek we okatmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyz geljekde ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna maglumat tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagyny, barha ýokary depginlere eýe bolýan sanlylaşdyrmak işini degişli tehnologiýalar bilen üpjün edýän howpsuz IT infrastrukturasynyň döredilmegini strategik taýdan ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezýär. Tehnologik taýdan ösen döwletleriň tejribesinden görnüşi ýaly, hut sanlylaşdyrmak işi olara batly depginler bilen öňe gitmäge hem-de dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşulmaga mümkinçilik berýär. Bäsdeşlige ukyplylyk, innowasiýalar, täze iş orunlarynyň döredilmegi köp babatda tehnologiýalaşdyrmak işleriniň depgini bilen kesgitlenilýär. Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly täze senagat düzümlerini kemala getirmegiň hasabyna çalt depginde döwrebaplaşdyrmak syýasaty işjeň dowam etdirilýär.
Sanly ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda maglumatlar bilen işlemek we emeli aň ulgamlaryny durmuşa ornaşdyrmak möhüm ugurlaryň biridir. Sanly ykdysadyýetiň zerurlyklaryna laýyk gelýän, maglumatlary seljermek, uly maglumatlar bilen işlemek, emeli aň ulgamlaryny döretmek, ornaşdyrmak ukybyna eýe ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda 2025-2026-njy okuw ýylynda täze «Emeli aň ulgamlary we maglumatlary seljermek» hünäri açyldy. Onuň okuw meýilnamasyna intellektual ulgamlar, maglumatlary intellektual işlemegiň ulgamlary we tehnologiýalary, klaster seljermegiň usullary, emeli aň we maşyn öwrenmek, ulgamlaýyn seljermegiň esaslary, eksperimental maglumatlary seljermegiň usullary, maglumat-dolandyryş ulgamlaryny modelirlemek hem-de uly göwrümli ulgamlarda uýgunlaşma we öwrenmek ýaly dersler girizildi. Bu hünär boýunça 2025-2026-njy we 2026-2027-nji okuw ýyllarynyň hersinde 78 talyp okuwa kabul edildi.
Häzirki wagtda institutda emeli aň ulgamlary boýunça ylmy işler alnyp barylýar. Hususan-da, «Türkmen diliniň sözleýşini tanamagyň kompýuter modeli we programma üpjünçiligi», «Emeli aň tehnologiýasynyň kömegi bilen iş prosesiniň dolandyrylyşy» atly ylmy işler ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgärler tarapyndan alnyp barylýar. Ýurdumyzda lukmançylygy sanlylaşdyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, «ŞYPA» atly kompýuter maksatnamasy hem işlenip taýýarlanyldy. Ol döş kapasasynyň rentgen suratlaryny seljerýär we lukmana öýkendäki hem-de ýürekdäki üýtgeşmeleri tapmaga kömek edýär.
Ýurdumyzda geçirilýän ylmy-amaly maslahatlarda we taslama işleriniň bäsleşiklerinde institutyň mugallymlary we talyp ýaşlary emeli aň ulgamlary boýunça üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Institutda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «AI Product Hackathon», «AI Solutions» ýaly emeli aň ugry boýunça hakaton bäsleşikleri geçirilýär. Institutyň talyplarynyň arasynda «Maglumat howpsuzlygy», «Kibernetika», «Programmirleme» hem-de CTF görnüşindäki «Kibertürgenleşik» bäsleşiklerinde bu ugurlarda ýaş zehinler ýüze çykarylýar we höweslendirilýär.
Türkmenistanda wirtual aktiwleri düzgünleşdirmek we maýning tehnologiýasyny ornaşdyrmak baradaky başlangyçlary durmuşa geçirmegiň çäklerinde «Emeli aňyň esaslary» hem-de «Blokçeýn tehnologiýalary» ugurlary boýunça jemi 72 sagatlyk okuw meýilnamasy işlenip taýýarlanylyp, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanyldy. Diňleýjiler bu ugurlar boýunça institutyň hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetinde okaýarlar.
Häzirki döwürde maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek hem sanly ösüşleriň möhüm şerti hökmünde öňe çykýar. Maglumat howpsuzlygy maglumatlary ulanmak, saklamak, geçirmek üçin niýetlenen ulgamlaryň, tehnologiýalaryň we amallaryň toplumydyr. Onuň esasy maksady maglumatlary goramakdan, olaryň ýitmegine ýa-da birugsat üýtgedilmegine sebäp bolup biljek dürli ýagdaýlaryň hem päsgelçilikleriň öňüni almakdan ybaratdyr. «Akylly» enjamlaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy bilen birlikde, kiberhowplardan goranmak meselesi hem örboýuna galýar. Ýurdumyzda milli maglumat-kommunikasiýa ulgamlarynyň işini, internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi düzgünleşdirmegiň hukuk esaslary düýpli kämilleşdirilýär. Döwlet derejesinde maglumat giňişligini kiberhowplardan goramagyň esaslaryny işläp düzmek, maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini kämilleşdirmek, degişli ugra tehniki serişdeleriň döwrebap görnüşlerini ornaşdyrmak ugrunda tagalla edilýär.
Kiberhowpsuzlyk ugry boýunça hünärmenleri taýýarlamak boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda «Maglumat howpsuzlygy», «Telekommunikasiýa ulgamlarynyň maglumat howpsuzlygy» hem-de «Awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň maglumat howpsuzlygy» hünärleri boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.
Häzirki wagtda «Maglumat howpsuzlygy», «Telekommunikasiýa ulgamlarynyň maglumat howpsuzlygy» hünärleri boýunça uçurymlar degişli ugurlarda zähmet çekýärler. «Awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň maglumat howpsuzlygy» hünäri täze hünär bolup, 2026-2027-nji okuw ýylynda açyldy. Bu hünär boýunça 78 talyp okuwa kabul edildi. Täze hünär boýunça talyplara nazary bilimleri bermek bilen birlikde, häzirki zaman kiberhowpsuzlyk ulgamlaryny, açyk we gizlin kriptografiýa protokollaryny, maglumat ulgamlaryny auditlemegi, şeýle hem awtomatlaşdyrylan ulgamlarda howpsuzlyk syýasatyny işläp düzmegi öwretmek meýilleşdirilýär. Bu hünäriň açylmagy döwlet edaralarynyň hem-de hususy düzümleriň ýokary hünärli maglumat howpsuzlygy hünärmenleri bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga hem-de kiberhowpsuzlyk ulgamynda milli intellektual mümkinçilikleri ösdürmäge ýardam berer.
Bulardan başga-da, ýokary okuw mekdebimiziň Maglumat howpsuzlygy boýunça merkezinde mugallymlaryň hünärleri kämilleşdirilýär, talyplaryň ukyp-başarnyklary ýokarlandyrylýar. Bu ýerde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda kiberhowpsuzlyk, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň howpsuzlygy boýunça okuwlar geçirilýär. Ýokary okuw mekdebimizde ylmy-gözleg işleriniň ýokary hilli alnyp barylmagyny üpjün etmek maksady bilen, häzirki zaman okuw-usulyýet we tematiki edebiýatlaryň kitaphanasy döredildi. Umuman, sanlylaşdyrmagyň möhüm ugurlary hasaplanýan emeli aň we maglumat howpsuzlygy boýunça okuwlar, ylmy-barlag işleri «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda», «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda alnyp barylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň başynda duran hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Nurnepes KULIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektory



















