Halklaryň barlygy dili bilendir
Dil halkyň ruhy barlygynyň esasydyr. Onuň arassalygy, janlylygy we ulanylyş geriminiň giňligi şol diliň kämilliginden habar berýär. Ol döwre görä, hemişe ösüşde bolup, kabul eden döwletiň syýasy, ykdysady ýagdaýyny ýa-da ulanyjy halkyň taryhy köklerini, milli ýörelgesini, medeni gatnaşyklaryny, umuman, Ýer ýüzündäki mynasybetiniň görkezijisi hasaplanýar. Uzak taryhyň dowamynda sebit, goňşy döwletler bilen köpugurly ýakyn hyzmatdaşlyklaryň saklanmagy bolsa, halklaryň birek-biregiň milli-medeni gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna hormat goýmaga, sazlaşykly durmuşy umumylyga getiripdir. Geçen duşenbede — 9-njy noýabrda özbek diliniň gününe bagyşlanyp, ýokary guramaçylykly ýagdaýda geçirilen dabaraly baýramçylyk çäresi-de sözümiziň nobatdaky görkezijisidir.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutymyzyň Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde guran bu dabaraly çäresi ýokary okuw mekdebimiziň uly mejlisler zalynda geçirildi. Onda institutymyzyň ylmy işleri boýunça prorektory Selbi Batyrowa hem-de Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili jenap Jasur Aşurow çykyş etdi. Olarda iki dostlukly halkyň köptaraplaýyn gatnaşyklary, şol sanda ene dilimizi arassalygy bilen nesillere miras galdyrmakda alnyp barylýan giň gerimli işler dogrusynda täsirli söhbetlere orun berildi. Şeýle-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutymyzyň «Altyn miras» medeniýet merkeziniň talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde «Türkmen-özbek dostlugy — ene dilleriň dowamaty» atly edebi-sazly kompozisiýa, iki halkyň hem milli tanslaryna tomaşa edilip, türkmen-özbek aýdym-sazlary, ene diliň gadyr-gymmatyny wasp edýän şygyrlar diňlenildi.
Turuwbaşdan, ruhubelentlige beslenen baýramçylyk çäresinde institutymyzyň dilçi talyplarynyň arasynda esse ýazmak boýunça geçirilen «Türkmenistan we Özbegistan: taryhy kökler, umumy geljek» atly bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Onda iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň III ýyl talyby Leýli Durdyýewa baş baýrak gowşuryldy. Degişli yzygiderlilikde rus dili we edebiýaty fakultetiniň III ýyl talyby Aziza Kurbanbaýewa, gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň I ýyl talyby Leýli Öwlýagulyýewa, ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň I ýyl talyby Amangül Toýlyýewa baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Dabaraly çäräniň dowamynda dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakda beýik işleri bilen görelde bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy.
Jamal AMANSARYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.



















