
Новости
491

2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Behişdi bedewleriň döredijilikde we sungatda waspy” atly aýdym-sazly medeni çäresi geçirildi.
2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi agzybir we merdana halkymyza, ýurdumyzyň bilim işgärlerine egsilmez buýsanç paýlap, döredijilik işgärlerini joşa getirdi. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň mejlisler zalynda geçirilen “Behişdi bedewleriň döredijilikde we sungatda waspy” atly aýdym-sazly medeni çäresi Türkmenistanyň halk artistleriniň, bagşy-sazandalarynyň, talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmegindäki ajaýyp aýdymlary hem-de şahyr döredijiliginiň ajaýyp setirleri bilen baýlaşdy.
Medeni çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçilikleri üçin uniwersitetiň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary tarapyndan minnetdarlyk sözleri aýdyldy. Döredijilik diýen uly daragtyň gülleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri bilen ebedi gülleýär. Şol daragtyň saýasynda bolsa şirin mukamlar ýaňlanýar, belent, şahyrana setirler jahana dolýar, şöhratly taryhyň sahypalary ýazylýar. Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, başlary belent bolsun!
© 2025 Министерство образования Туркменистана Инновационный информационный центр. Все права защищены.