Halk bähbitli beýik işler
Bu gün Ýer ýüzünde hemişelik parahatçylygyň we dostluk-doganlygyň ýurdy hökmünde giňden tanalýan ata Watanymyz Türkmenistan ykdysady, medeni taýdan ýokary ösüşleri gazanyp, bedew bady bilen öňe barýar. Häzirki ajaýyp zamanamyzyň her bir güni taryhy wakalar, şanly pursatlar, toý-baýramlar bilen utgaşýar. Şeýle taryhy wakalaryň hatarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini bellemek gerek. Ýokary derejede geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde taryhy çözgütler kabul edilip, ähli ildeşlerimizi buýsandyrdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel Diýarymyz özüniň ýokary derejedäki ykdysady ösüşleri bilen bütin dünýäde tanalýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde binagärligiň ajaýyp nusgalaryny özünde jemleýän, dünýäniň ösen isleglerini kanagatlandyryp bilýän tehniki enjamlar bilen üpjün edilen ymaratlar gurulýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz şeýle belledi: «Halkymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmek we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Raýatlarymyzyň döwrebap şertlerde ýaşamagy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin durmuş amatlyklaryny özünde jemleýän täze, döwrebap obalar, şäherçeler hem-de şäherler gurulýar». Şu parasatly sözlerden hem görnüşi ýaly, halkymyzyň abadan durmuşy üpjün edilýär, milli ykdysadyýetimiz ösdürilýär.
Häzirki ajaýyp döwrümizde milli ykdysadyýetimiziň ösüşleri halkymyzyň bagtyýar durmuşyna, raýatlaryň döwrebap şertlerine gönükdirilýär. Alnyp barylýan işleriň netijeliligi, iri gaz geçirijileriň, sport desgalarynyň, howa menzilleriniň, döwrebap awtomobil ýollarynyň örän çalt depginler bilen gurulýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Diňe şu ýylyň sentýabr aýynda ençeme bilim ojaklarynyň dabaraly açylyp ulanmaga berlendigini bellemek gerek. Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumlaryny görkezmek bolar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan beýik ösüşler ýurt Garaşsyzlygymyzyň binýadyny has-da pugtalandyrýar, Türkmenistanyň dünýädäki abraýyny has-da belende göterýär. Bu buýsandyryjy maglumatlar ýurdumyzda beýik işleriň üstünlikli berjaý edilýändiginden habar berýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda halk hojalygynyň dürli ugurlaryna degişli ençeme binalaryň we desgalaryň gurluşyk işleri güýçli depginlerde alnyp barylýar. Milli özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki wagtda gurulýan dürli maksatly desgalaryň işe girizilmeginiň netijesinde müňlerçe täze iş orunlary döreýär. Bu döwürde ýurtda ähli pudaklaryň maliýe-ykdysady mümkinçilikleri has-da artdy. Ýerli çig mal we zähmet serişdeleriniň netijeli ulanylmagy pudaklaryň düşewüntliligini hem ýokarlandyrdy. Häzirki döwürde ýurdumyzyň oba hojalyk, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk, ýangyç-energetika, dokma we söwda, medeniýet we ylym-bilim ulgamlary uly ösüşlere eýe boldy.
Orazsoltan HALMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri.



















