Dil öwretmekde kämil usullar
Mekdepde okuwçylara türkmen dili bilen birlikde, daşary ýurt dillerini öwretmek döwrümiziň möhüm talaby bolup durýar. Diňe umumybilim berýän orta mekdeplerde däl, eýsem, mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem ýaş nesle daşary ýurt dillerini öwretmäge uly üns berilýär. Daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdebe çenli çagalar baglarynyň we orta mekdepleriň sany barha artýar.
Iňlis dili dersinden 8-nji synplarda guraýan sapaklarymyzda okuwçylara nakyllary, atalar sözlerini terjime etmegi öwredýäris. Nakyllary, atalar sözlerini (proverbs) okuw kitabyndaky gönükmeler esasynda hem terjime edýäris. Mysal üçin,
United — we stand, divided — we fall.
(«Agzybire Taňry biýr, agzalany gaňrybiýr»).
East or West — home is best. («Towşana dogduk depe»).
There’s no place like home. (Her kimiň ojagynyň ody özi üçin ýanar).
Daşary ýurt dillerini öwretmekde 5 — 12-nji synp okuwçylaryna öý işinden daşary goşmaça ýumuşlary hem tabşyrmak bolýar. Olaryň türkmen halk döredijilik eserlerini, daşary ýurt ýazyjylarynyň ertekili kitaplaryny okap, terjime etmeklerine üns berýäris. Rus dilinden iňlis diline terjime etmegi hem öwredýäris. Has takygy, I.A.Krylowyň «Guw, balyk we leňňeç» basnýasy esasynda terjimeleri tabşyrýarys we mazmunyny gürrüň berdirýäris.
Bütin dünýäniň çagalary tarapyndan ürç edilip okalýan, gyzykly ýordumlar esasynda multfilmlerdir kinofilmleri döredilen Gans Hristian Anderseniň «Ýoldaky ýoldaş», «Ýabany guwlar», «Suw perisi», «Jennet bagy», «Leglekler», «Myrtar ördejik», «Kölege», «Jaň», «Bir enäniň taryhy» ýaly ertekileri dünýä halklarynyň köpüsiniň dillerine terjime edildi. Şol eserleri iňlis dilinde okadyp, türkmen diline terjime etmegi okuwçylarymyza öwredýäris.
Mekdepde okuwçylara sapakdan daşary tekstleri dürli dillere, ýagny iňlis diline, iňlis dilinden türkmen diline terjime etmegi, eserleriň mazmunyny gürrüň bermegi, ähmiýetini düşündirmegi öwretmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Bu usul okuwçylaryň gepleşikde işjeňligini artdyryp, dil öwrenmäge bolan gatnaşygyny kämilleşdirmäge ýardam edýär.
Aýgözel MEREDOWA,
Halaç etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň mugallymy.



















