Nesil terbiýesinde asylly ýörelgeler
Häzirki bagtyýarlyk döwri mugallymlara döredijilikli işlemäge giň mümkinçilikleri açýar. Elbetde, häzirki wagt sanly ulgamyň we tehnologiýanyň ýyldyrym çaltlygynda ösýän döwri bolup, ýaşlaryň hem aňyna, düşünjesine çalt täsir edýär. Bu täsirlenmäniň döwrüň mümkinçilikleri bolmagyna garamazdan, bilim we terbiýe bermegiň milli ýörelgelerini hem gadymy dessurlaryny usulyýetiň esasy özeni bolmagynda saklamak zerurdyr. Sebäbi halkymyzyň milli ýörelgeleri bilim we terbiýe bermegiň täzeçe usulyýetlerine öwrülýär.
Türkmen halky nesil terbiýesi babatda asyllylygy, mähribanlygy, belent adamkärçiligi, bilim-düşünje babatda bolsa giň dünýägaraýyşly bolmagy durmuşynyň mazmuny hasaplapdyr. Hut şu günki günde hem şu düşünjeler, ýörelgeler durmuşymyza ýaran bolmak bilen, halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň bardygyny görkezýär. Terbiýäniň we bilimiň kämilliginiň esasy ugurlarynyň biri-de okuwçy ýaşlarda okamak endigini kemala getirmek, kitap okamaklyga söýgini artdyrmakdyr. Sebäbi kitap okamak, onda-da gyzyklanyp okamak düşünjesi türkmen halkynyň asyrlardan gelýän ýörelgesidir. Biz muny Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasynyň mysalynda hem anyk görüp bilýäris.
Kitap okamak babatynda ýene-de bir usuly aýratyn bellesek, olara çagalykdan kitap sowgat bermegiň ähmiýeti uludyr. Olarda çagalykdan doglan günlerine we başga baýramçylyk günlerinde kitap sowgat bermek endigini ýola goýmak gerekdir. Olaryň dostlarynyň arasynda hem kitaby sowgat etmegi endige öwürmek we olary şol kitaplar bilen gyzyklandyrmak esasy usullaryň biridir. Ýaşlara öz aralarynda birek-birege kitap sowgat bermegi ündemek hem gowy netije berýär. Umuman, terbiýäniň göze ilýän çeşmeleriniň biri-de okamakdyr.
Ogulsabyr AZADOWA,
Gyzylarbat etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň mugallymy.



















