Biologiýa sapagyny täsirli guramak
Ýurdumyzda ökde hünärmenleri, şol sanda geljekki biologlary taýýarlamakda orta mekdeplerde okadylýan biologiýa dersine uly orun degişlidir. Çünki hemmetaraplaýyn ösen, kämil şahsyýeti terbiýelemek wezipesi köp babatda mugallymyň pedagogik ussatlygyna baglydyr.
Biologiýa dersiniň maksady okuwçylarda biologiýa ylmyna we tebigata söýgi döredip, çuňňur bilim bermekden, okatmagyň häzirki zaman usullaryny we serişdelerini bilmek ukybyny, başarnygyny öwretmekden ybaratdyr. Biz hem okuwçylara biologiýa dersinde ösümlikleriň, haýwanlaryň, adamyň we tebigatyň çylşyrymly hadysalarynyň öwrenilýändigi sebäpli, okatmagyň has işjeň usullaryny ornaşdyrmaga çalyşýarys. Şunda gezelençler, tejribe sapaklary, synpdan daşary çäreler aýratyn bellenmelidir. Okatmakda görkezip okatmak, tebigy serişdelerden taýýarlanan okuw-görkezme esbaplaryndan peýdalanyp okatmak ýaly işjeň usullary ulanyp, sapaklary guraýarys. Biologiýa dersini häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk derejede okatmak üçin oňat abzallaşdyrylan biologiýa otagy, janly tebigat burçy, okuw-tejribe meýdançasy bolmalydyr. Biologiýany okatmakda degişli materiallaryň bolmagy diňe bir okatmakda esasy orny tutman, eýsem, onuň terbiýeçilik ähmiýeti hem uludyr. Biologik düşünjeler daşymyzy gurşap alan dünýäni oňat öwrenmäge giň mümkinçilikleri açýar. Okuwçylara janly tebigata gözegçilik etmek arkaly täze maglumatlary öwredýäris, olarda pikirlenmek ukyplaryny ösdürýäris. Biologiýa dersini okatmak okuwçylara döwrebap bilim bermekde we olary hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetler edip terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Aslynda, biologiýa botanika, zoologiýa, anatomiýa, fiziologiýa, sistematika, sitologiýa, gistologiýa, embriologiýa, ekologiýa, mikrobiologiýa, genetika we seçgi (seleksiýa), biotehnologiýa ýaly köp sanly pudaklaýyn ugurlar bilen, şeýle hem geografiýa, meteorologiýa, kartografiýa, gidrologiýa, geologiýa ylymlary bilen hem özara baglanyşyklydyr. Janly tebigaty öwrenýän biologiýa ylmy okuw dersi hökmünde okatmagyň görnüşleriniň we usulyýetiniň özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Okuwçylarymyz bu ders bilen içgin gyzyklanýarlar. Ýurdumyzda geçirilýän dürli bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler.
Şeýle hem her okuw ýylynda mekdebimizde biologiýa hepdeligini guraýarys. Biologiýa hepdeligi geçirilýän döwürde mekdepde biologiýa sapaklary has-da täsirli bolup, okuwçylar aýratyn taýýarlykly gelýärler, şol bir wagtyň özünde mugallym hem işinde ýokary jogapkärçilik duýýar. Biologiýa mugallymlarynyň jemlenip, usuly birleşmäniň agzalary bilen maslahatlaşylyp düzülen hepdeligiň meýilnamasy arkaly mekdep okuwçylarynyň işjeňligini has-da artdyryp, olaryň bu gyzykly okuw dersine bolan höwesini, gyzyklanmalaryny güýçlendirýäris. Hepdeligiň meýilnamasy düzülende, diňe biologiýa mugallymlarynyň däl, eýsem, okuwçylaryň hem teklipleri göz öňünde tutulýar.
Arzygül ATAMÄMMEDOWA,
Balkanabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň mugallymy.



















