Tebigaty goramak — umumy maksadymyz
Tebigat — ýaşaýşyň gözbaşy, ynsan saglygynyň we jemgyýetiň abadançylygynyň möhüm şerti. Şonuň üçin daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary aýawly peýdalanmak we ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu ugurda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýakynda Ermenistan Respublikasynda geçirilen BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň çäklerindäki Liderler sammitine gatnaşmagy ýurdumyzyň ekologiýa meselelerine halkara derejede uly ähmiýet berýändiginiň aýdyň beýany boldy. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda biologik köpdürlüligi gorap saklamak, çölleşmä garşy göreşmek, suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak we tebigy ekoulgamlaryň durnuklylygyny üpjün etmek meselelerine ünsi çekdi. Şeýle hem Türkmenistanyň bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny nygtady.
Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça amala aşyrylýan işleriň möhüm bölegi ählihalk bag ekmek dabaralarydyr. Her ýyl ýaz we güýz pasyllarynda geçirilýän bu asylly çärelere dürli kärde zähmet çekýän raýatlar, ýaşlar we jemgyýetçilik wekilleri işjeň gatnaşýarlar. Ekilýän bag nahallary şäherleriň we obalaryň gözelligini artdyrmak bilen çäklenmän, howanyň arassalanmagyna, topragyň goralmagyna we ýaşyl zolaklaryň giňeldilmegine hem ýardam berýär. Bu çäreler ýurdumyzyň ekologik abadançylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Soňky ýyllarda Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde ýaşyl zolaklary döretmäge, seýilgähleri abadanlaşdyrmaga hem-de ilatly ýerleriň daş-töweregini bagy-bossanlyga öwürmäge aýratyn üns berilýär. Şunda Arkadag şäheriniň döwrebap şähergurluşyk çözgütlerinde hem daşky gurşaw bilen sazlaşykly ösüş ýörelgesi möhüm orun eýeleýär. Şeýle işler şäherleriň gözelligini artdyrmak bilen birlikde, ilatyň sagdyn ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmäge hyzmat edýär. Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň tassyklanmagy hem bu ugurdaky işleriň yzygiderli häsiýete eýedigini görkezýär. Maksatnama tokaýlary gorap saklamaga, täze tokaý zolaklaryny döretmäge, ekoulgamlaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Şeýle hem ýurdumyzda seýrek duş gelýän ösümlikleriň we haýwanlaryň görnüşlerini goramak, aýratyn goralýan tebigy çäkleri kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň halkara sammitde belläp geçişi ýaly, Türkmenistanyň ekologiýa syýasaty diňe milli çäreler bilen çäklenmeýär. Hazar deňziniň ekologik abadançylygyny üpjün etmek, Aral deňziniň basseýniniň ekoulgamyny goramak, çölleşmä garşy göreşmek we gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça halkara hyzmatdaşlyk hem möhüm ähmiýete eýedir. Bu başlangyçlar daşky gurşaw meseleleriniň bilelikdäki tagallalar arkaly çözülmelidigini görkezýär. Çünki tebigaty goramak diňe bir döwlet edaralarynyň işi bolman, eýsem, her bir raýatyň gündelik durmuşynda berjaý etmeli borjudyr. Ekilen baglara ideg etmek, daş-töweregi arassa saklamak, suwy tygşytlamak we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmek arkaly her birimiz daşky gurşawyň goralmagyna goşant goşup bileris.
Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary bilen ýurdumyzda alnyp barylýan ekologiýa çäreleri daş-töweregimizi bagy-bossanlyga öwürmek, tebigy gurşawy abadan we arassa saklamak, ýaşlarda ekologik terbiýäni ösdürmek babatda möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň ýaşyl bossanlyga bürenmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiziň hem-de döwlet Baştutanymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Nurana ALTYBAÝEWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.



















