Ýaşlar syýasaty: röwşen geljegiň kämil neslini terbiýelemegiň binýady
Belent mertebeli Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen mejlisi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ösüşiniň geljekki ugurlaryny kesgitlemekde, milli döwletlilik ýörelgelerini pugtalandyrmakda, ykdysady we durmuş ösüşini täze derejä çykarmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Mejlisde ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, bu babatdaky mümkinçilikleri giňeltmek hem-de ýaşlaryň jemgyýetiň ösüşine işjeň gatnaşmagyny gazanmak bilen bagly öňe sürlen başlangyçlar we teklipler aýratyn üns bererlikdir. Sebäbi her bir halkyň geljegi, ilkinji nobatda, onuň ýaş neslini terbiýeläp ýetişdirmek wezipesiniň hem-de bu babatdaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen aýrylmaz baglydyr.
Bilşimiz ýaly, ýaşlar diňe ertiriň eýeleri däl-de, eýsem, şu günüň hem işjeň döredijilik güýjüdir. Olaryň bilim derejesi, dünýägaraýşy, zähmete werzişligi, innowasion täzelikleri özleşdirmek, olary durmuşa geçirmek ukyby hem jemgyýetiň geljekki ösüşini kesgitleýän möhüm şertleriň biridir. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» tassyklanmagy ýaşlar syýasatynyň täze tapgyryny alamatlandyrýar. Bu maksatnama ýaşlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmäge, iň zehinlilerini ýüze çykarmaga, ylma-bilime, innowasiýalara we ösen tehnologiýalara gyzyklanmalaryny goldamaga, zähmetsöýer, watansöýüji, ýokary ahlak sypatlaryna eýe bolan nesli terbiýeläp ýetişdirmäge gönükdirilendir.
Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda bu strategik ähmiýetli resminamanyň wajypdygyny nygtamak bilen: «Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegini möhüm hasap edýärin. Munuň ýaşlar barada döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, ylymly-bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge ýardam berjekdigine berk ynanýaryn» diýdi.
Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda ýurdumyzda milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini, bu ugurda ýaş nesiller üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini, şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýaşlaryň gatnaşmagynda geçen umumy okuw sapagynyň uly ähmiýete eýedigini aýratyn belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz çykyşynda: «Hormatly Arkadagymyz ýaşlarymyza öz gymmatly oý-pikirlerini, öwüt-nesihatlaryny berdi. Birnäçe tekliplerini, garaýyşlaryny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmeginiň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn» diýip belledi.
Bilim babatynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän bu taryhy maksatnamanyň logiki mazmunyna görä, aýgytlaýjy hereketleriň tapgyrlary mümkinçilikden başarnyga, başarnykdan başlangyja hem-de başlangyçdan netijä tarap gönükdirilendir. Şu esasda ýaşlara mümkinçilik döretmek ösüşiň ilkinji ädimidir. Döredilen hemmetaraplaýyn mümkinçiliklerden peýdalanyp bilýän, özbaşdak pikirlenýän, täze çözgütleri tapýan we öwrenen bilimini durmuşda ulanýan şahsyýeti kemala getirmek hem örän möhüm wezipedir.
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen ýurdumyzda ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryna, döwrebap tehnologiýalara we innowasiýalara daýanyp, milli bilim ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu işler häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, täze çagalar baglarydyr mekdepler gurulýar, bilim alýan ýaşlaryň döwrebap şertlerde okamagy, zehinini ösdürmegi we öz ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmagy üçin mümkinçilikler giňeldilýär. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga, akademiki alyş-çalyşlary, bilelikdäki okuw maslahatlaryny we ylmy-barlag gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalar hem bu işleriň möhüm bölegidir.
Häzirki döwürde ýaşlara diňe köp maglumat bilmek ýeterlik däl. Olar maglumatlaryň içinden zeruryny saýlap, onuň dogrulygyna baha bermegi, özbaşdak pikirlenmegi, täze çözgütleri tapmagy we tehnologiýalardan döredijilikli peýdalanmagy başarmalydyr. Başgaça aýdylanda, bilim diňe ýatda saklanýan maglumatlaryň toplumy bolman, eýsem, adamyň pikirlenişini ösdürýän, onuň mümkinçiliklerini açýan we jemgyýete peýdaly işlere ugrukdyrýan güýje öwrülmelidir.
Şu ýerde bilim ulgamynyň öňünde möhüm wezipe ýüze çykýar: ýaşlar diňe «Näme bilmeli?» diýen sowaldan başga-da, «Öwrenen bilimiň bilen näme döredip bilersiň?» diýen sowala hem jogap bermeli. Çünki döwrüň talaby diňe bilimli bolmak däl, eýsem, öwrenmegi dowam etdirýän, döredijilikli pikirlenýän, başarnyklaryny kämilleşdirýän we bilimini anyk netijä öwrüp bilýän şahsyýeti terbiýeläp ýetişdirmekdir.
Hormatly Prezidentimiziň: «Biz geljegimizi ýaşlarymyz bilen bilelikde gurýarys. Şeýle ýaşlary bolan halk beýik halkdyr! Şeýle halky bolan döwlet beýik döwletdir!» diýen taglymaty hem ýaş nesle bildirilýän ynamyň we onuň öňünde açylýan giň mümkinçilikleriň ähmiýetini aýdyň görkezýär.
Bu gün türkmen ýaşlary döwlet we jemgyýetçilik dolandyryşynda, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, ylymda, bilimde, medeniýetde, saglygy goraýyşda, telekeçilikde, sanly tehnologiýalar ulgamynda yhlasly zähmet çekýärler. Olaryň halkara ders bäsleşiklerinde, olimpiadalarda we sport ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri ýaşlaryň zehininiň, maksada okgunlylygynyň hem-de yhlasynyň aýdyň netijesidir. Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda: «Dünýä derejesindäki abraýly ders bäsleşiklerinde, olimpiadalarda hem-de sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlarymyzy, olaryň halypa mugallymlaryny we tälimçileri sylaglamak indi asylly däbe öwrüldi» diýip nygtamagynyň özi bilim-terbiýeçilik işinde mugallymyň zähmetine, ýaşlaryň gazananlaryna döwlet derejesinde berilýän goldawyň beýanydyr. Şeýle-de bolsa, gazanylan üstünlikler bilen çäklenmän, täze mümkinçilikleri açmak, ýaşlaryň döredijilik kuwwatyny has-da artdyrmak we olaryň ylmy gözleglere bolan gyzyklanmasyny ösdürmek döwrüň möhüm talabydyr.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde milli bilim ulgamyny ösdürmegiň milli institutyny döretmek, okuw dersleri boýunça mugallymlara bolan zerurlygyň bäş ýyllyk çaklamasyny taýýarlamak, ýokary okuw mekdeplerinde we olaryň binýadyndaky ylmy merkezlerde gazanylýan goşmaça maliýe serişdelerini ylym-bilim işlerine, talyplaryň hem-de ýaş alymlaryň ylmy başlangyçlaryny goldamaga gönükdirmek baradaky teklipler öňe sürüldi. Bu başlangyçlaryň ähmiýeti diňe bilim ulgamynyň häzirki zerurlyklaryny çözmek bilen çäklenmeýär. Olar geljekde haýsy ugurlarda hünärmenleriň gerek boljakdygyny öňünden kesgitlemäge, mugallymçylyk hünäriniň ösüşini meýilleşdirmäge, ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we ýaş alymlaryň täze pikirlerini durmuşa geçirmeklerine şert döretmäge hem mümkinçilik berýär.
Şeýle şertleriň döredilmegi bilen birlikde, ýaşlara goldaw bermekde ýene bir möhüm ýörelgäniň — olara ynanmagyň ähmiýetini hem aýratyn bellemek isleýäris. Ýaş adamyň pikirine gulak asmak, onuň teklibine çynlakaý garamak, başlangyjyny synap görmegine şert döretmek we ýalňyşlyklaryndan sapak alyp, täzeden synanyşmagyna mümkinçilik bermek onuň şahsyýet hökmünde kemala gelmegine ýardam edýär.
Şu jähetden Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy okuw sapagynda beýan eden teklipleri esasynda startap merkezleriniň hem-de dürli ugurlar boýunça halkara ylym-bilim ýaşlar klasterleriniň döredilmegi aýratyn ähmiýetlidir. Bu merkezler ýaşlaryň ylmy we tehnologik pikirlerini ösdürmek, olaryň täze taslamalary taýýarlamagyna, özara tejribe alyşmagyna we döredijilikli başlangyçlaryny durmuşa geçirmegine ýardam berýän möhüm mümkinçiliklere öwrülip biler. Çünki täze pikir diňe bir pikir bolup galmaly däldir. Ony öwrenmek, barlamak, kämilleşdirmek we durmuşa ornaşdyrmak üçin şertler döredilmelidir. Şonda ýaşlaryň zehini anyk netijä, şahsy başarnygy bolsa jemgyýet üçin peýdaly işe öwrüler. Biz ýaşlary geljegiň taýýar dünýäsinde ýaşamaga däl-de, şol geljegi döretmäge taýýarlamalydyrys.
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» möhüm ugurlarynyň biri hem ýaşlaryň pikirlerine, tekliplerine we döredijilik başlangyçlaryna giň orun bermekden ybaratdyr. Maksatnama laýyklykda döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, bilim edaralarynyň, ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň özara sazlaşykly hereketi has-da pugtalandyrylar. Ýaşlaryň raýatlyk, ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny doly peýdalanmagyna, ylmy-tehniki, döredijilik başlangyçlaryny ösdürmegine, jemgyýetçilik gurşawyna işjeň gatnaşmagyna giň mümkinçilikler dörediler.
«Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» bilen deňeşdirilende, 2031-nji ýyla çenli niýetlenen täze resminamada ýaşlar barada döwlet syýasatynyň birnäçe täze ugurlary we guramaçylyk mehanizmleri has anyk beýan edilýär. Hususan-da:
— sanly ösüş we täze tehnologiýalar aýratyn ugur hökmünde giňeldildi. Täze maksatnamada emeli aň, kiberhowpsuzlyk we ýaşlaryň sanly başarnyklaryny ösdürmek aýratyn beýan edilýär;
— ýaşlar barada döwlet syýasatynda maglumatlara esaslanan dolandyryş mehanizmleri göz öňünde tutulýar. Täze maksatnamada ýaşlar baradaky statistiki maglumatlary ulgamlaýyn toplamak we seljermek, sanly maglumatlar goruny döretmek, monitoring geçirmek, baha bermek we netijelilik görkezijilerini ulanmak boýunça degişli çäreler kesgitlenýär;
— startaplaryň we innowasion telekeçiligiň goldanylmagy giňeldilýär. Täze maksatnamada ýaşlaryň innowasion taslamalaryny, tehnologiýa ugurly başlangyçlaryny we startaplaryny goldamak, olara grant, maliýe, tehniki we maslahat beriş goldawlaryny bermek bilen bagly mümkinçilikler giňişleýin göz öňünde tutulýar;
— ýaşlar üçin innowasion we institusional goldaw gurşawy göz öňünde tutulýar. Täze maksatnamada ýaşlar merkezleri, innowasiýa meýdançalary, tehnologiýa ugurly düzümler we bilim beriji merkezler arkaly ýaşlaryň başarnyklaryny ösdürmek, tejribe toplamagyna hem-de başlangyçlaryny durmuşa geçirmegine ýardam bermek ugurlary beýan edilýär;
— saglygy goraýyş we psihologik goldaw ugurlary giňeldilýär. Sagdyn durmuş ýörelgesini, sport bilen meşgullanmagy we sagdyn iýmitlenmegi höweslendirmek bilen bir hatarda, täze maksatnamada ýaşlara psihologik we psihoemosional goldaw bermek bilen bagly çäreler hem göz öňünde tutulýar;
— ekologiýa we «ýaşyl» ösüş ugurlary giňeldilýär. Öňki maksatnamada ekologik medeniýeti ösdürmek bilen bagly çäreler göz öňünde tutulan bolsa, täze maksatnamada ekologik medeniýet bilen bir hatarda, «ýaşyl» energiýa we durnukly ösüş bilen bagly ugurlar hem öz beýanyny tapýar;
— ýaşlaryň raýat işjeňligine we hukuk sowatlylygyna aýratyn üns berilýär. Täze maksatnamada ýaşlaryň hukuklaryny we borçlaryny bilmekleri, raýat jogapkärçiligini ýokarlandyrmak, jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmaklary hem-de olaryň pikirlerini döwlet ýaşlar syýasatyny kämilleşdirmekde nazara almak bilen bagly ugurlar giňeldilýär;
— halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy boýunça wezipeler has aýdyňlaşdyrylýar. Täze maksatnamada ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyna, halkara çärelere, ylmy hem-de innowasion forumlara, bäsleşiklere we beýleki halkara başlangyçlara gatnaşmak mümkinçiliklerini giňeltmäge aýratyn orun berilýär.
Umuman, täze ýolgörkeziji resminamada öňki maksatnamada göz öňünde tutulan bilim, terbiýe, zähmet, sagdyn durmuş, döredijilik, meýletinçilik we jemgyýetçilik işjeňligi ýaly esasy ugurlar dowam etdirilmek bilen, olara sanlylaşdyrma, emeli aň, kiberhowpsuzlyk, startaplar, innowasion telekeçilik, maglumatlara esaslanan dolandyryş, monitoring we baha bermek, psihologik goldaw, «ýaşyl» ösüş hem-de halkara hyzmatdaşlyk bilen bagly täze ugurlar goşulýar.
Şeýlelikde, 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň dowamlylygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, ýaşlaryň häzirki zaman bilim, tehnologiýa, innowasiýa, zähmet we jemgyýetçilik mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilen täze çäreleridir guramaçylyk mehanizmlerini öz içine alýar.
Maksatnamanyň ýerine ýetirilmeginde degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň özara hyzmatdaşlygyny ösdürmek meýilleşdirilýär. Şol bir wagtda maksatnamada bellenen çäreleriň ýerine ýetirilişine monitoring geçirmek, netijeliligine baha bermek we degişli görkezijiler arkaly ýerine ýetirilişini yzarlamak boýunça mehanizmler göz öňünde tutulýar.
Ýaşlaryň bilim derejesi, iş bilen üpjünçiligi, jemgyýetçilik işjeňligi, ýaşaýyş şertleri we halkara hyzmatdaşlyga gatnaşmagy baradaky maglumatlary ulgamlaýyn toplamak, seljermek, degişli sanly maglumatlar goruny döretmek arkaly ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maglumatlara esaslanyp kämilleşdirilmegi maksat edinilýär.
Şeýlelikde, ýaşlaryň ösüşi diňe bir bilim edaralarynyň alyp barýan işlerine bagly däldir. Maşgala, mugallym, halypa, jemgyýetçilik guramalary we döwlet edaralary bu işde özara baglanyşykly jogapkärçilik çekýärler. Ýaş adamyň zehinini wagtynda görmek, gyzyklanmasyny goldamak, ony dogry ugra gönükdirmek we özbaşdak şahsyýet hökmünde hereket etmäge höweslendirmek umumy jemgyýetçilik wezipesidir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde öňe sürlen başlangyçlar, täze teklipler we ýaşlar baradaky döwlet maksatnamasy bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde hem uly jogapkärçilik goýýar. Sebäbi ýaşlara döredilen mümkinçilikleriň hakyky netijesi diňe bir olaryň alan bilimleri bilen däl, eýsem, şol bilimleri nähili ulanýandyklary, öz başarnyklaryny nähili ösdürýändikleri we Watanyň ösüşine nähili goşant goşýandyklary bilen kesgitlenýär.
Şonuň üçin biziň esasy wezipämiz diňe sapak bermekden ybarat bolmaly däldir. Biz ýaşlaryň ukybyny ýüze çykarmaly, olaryň özüne bolan ynamyny berkitmeli, ylma, bilime, döredijilige we zähmete bolan höwesini artdyrmaly, milli gymmatlyklarymyza ygrarly, döwrebap pikirlenýän, ýokary ahlakly, watansöýüji şahsyýetler bolup ýetişmeklerine ýardam bermeli.
Mugallymyň işi diňe bilimi düşündirmek bilen tamamlanmaýar. Ol ýaş adama öz ýoluny tapmaga, maksadyny kesgitlemäge, kynçylyklardan çekinmän hereket etmäge we başarnyklaryny jemgyýetiň bähbidine ulanmaga ýol görkezýär. Şu manyda mugallym ýaşlaryň diňe bir bilim çeşmesi däl, eýsem, olaryň geljegine täsir edýän halypasy bolmalydyr.
Biz — bilim ulgamynyň işgärleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar baradaky başlangyçlaryndan ugur alyp, bu jogapkärli wezipäni yhlas bilen ýerine ýetirmäge, ýaşlaryň mümkinçiliklerini doly açyp görkezmäge we olaryň ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmagy üçin ähli tagallalarymyzy dowam etdirmäge taýýardyrys.
Ýaşlara mümkinçilik döretmek geljegi gurmakdyr. Olaryň başarnyklaryny ösdürmek şol geljegiň binýadyny berkitmekdir. Başlangyçlaryny goldamak bolsa geljekki üstünlikleriň ýoluny açmakdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny yzygiderli kämilleşdirmek, bilim-ylym ulgamyny ösdürmek we ösüp gelýän nesliň bagtyýar geljegini üpjün etmek ugrunda alyp barýan işleri hemişe rowaç bolsun! Hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt we adamzat ähmiýetli döwletli işleri hemişe üstünliklere beslensin!
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň bilim ministri.



















