Türkmen telekeçileri üçin okuw maslahaty geçirildi
Ýakynda paýtagtymyzdaki «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy hem-de bu wakanyň hususy pudak üçin ähmiýetine bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. 21-22-nji oktýabrda dowam eden çäre Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Aziýanyň ösüş banky tarapyndan guraldy. Oňa degişli ministrlikleriň, döwlet we hususy edaralaryň, halkara düzümleriň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler milli söwda-ykdysady ulgamyny kämilleşdirmegiň, hususy kärhanalaryň işini döwrebaplaşdyrmagyň ähmiýeti barada bellediler. Türkmen işewürleri daşary ýurtly wekiller bilen degişli ugurlar boýunça pikir alyşdylar, özara bähbitli gepleşikleri geçirdiler.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan häzirki wagtda sebitde ygtybarly ykdysady hyzmatdaş hasaplanýar. Ýurdumyz bu ugurda daşary döwletler hem-de halkara düzümler bilen işjeň aragatnaşyk saklaýar. Bu bolsa Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny geljekde has-da berkitmäge mümkinçilik berer.
Uzukjemal BÄŞOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň mugallymy.
Çeşmesi: Biznes reklama gazeti



















