Edep-terbiýe mekdebi
Türkmen halky edep-terbiýä uly ähmiýet berip gelýär. Halkymyz «Edepli ile ýarar» diýen ýörelgä eýerip, terbiýe meselesine örän inçelik bilen çemeleşipdir. Halkymyz nesil terbiýesinde nakyllaryň, ertekileriň we beýleki halk döredijilik eserleriniň paýhaslaryny peýdalanypdyr. Esasan hem, ýaşajyk körpelere gyzykly we terbiýe beriji ertekileri gürrüň beripdirler. Bu bolsa körpelerde dogruçyllygy, oňat häsiýetleri terbiýeläpdir.
Halk döredijilik eserleri terbiýe mekdebi bolup durýar. Çünki halk döredijilik eserleri halkyň durmuşyndan, müňýyllyklaryň tejribesinden döredilendir. Şonuň üçin hem bu eserlerde beýan edilýän paýhaslar ýaş nesle uly täsir edýär. Şeýle hem ýaş nesilleriň dil baýlygyny artdyrmak, sözleýşini kämilleşdirmek terbiýe bilen berk baglanyşyklydyr. Dil baýlyklarymyzyň esasy çeşmesi halk döredijiliginiň görnüşlerinde jemlenendir. Şu nukdaýnazardan, körpelere ertekiler gürrüň berlende, labyzly, her bir sözi düşnükli beýan etmek gerek. Bu körpe nesillerde dilimiziň sözlerini öwrenmeklerine, olaryň dünýägaraýşynyň giňemegine oňat ýardam edýär.
Heniz ene hüwdüsinden başlanýan edep-terbiýe çagalar bagynda ertekileriň üsti bilen has-da ösdürilýär. Ertekilerdäki gahrymanlaryň hereketleri çeper beýan edilende, körpelerde oňat düşünjeler ösýär. Munuň özi körpeleriň milli terbiýede terbiýelenmegine hem oňat ýardam berýär.
Edep — ynsan durmuşynyň ýaraşygy, dünýäniň bezegi. Durmuşyň ähli gözellikleri, ajaýyplyklary ynsanyň edebinden gözbaş alýan bolsa gerek. Adamzadyň mähribanlygy, ynsanperwerligi, birek-birege hormat goýmagy, agzybirligi edep-terbiýeden gözbaş alýar. Şu nukdaýnazardan, körpeleri edep-terbiýeli nesiller hökmünde ýetişdirmek bilim işgärleriniň hem, ene-atanyň hem asylly ýörelgesi bolup durýar.
Maýsa ANNAMYRADOWA,
Sarahs etrabyndaky 2-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.



















