Bilim ulgamynda halkara tejribeler öwrenilýär
Ýakynda, has takygy, 18 – 24-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekillerinden düzülen topar Portugaliýa Respublikasynyň Lissabon şäherine iş saparyny üstünlikli amala aşyrdy. Bu iş saparynyň maksady Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) guramagynda geçirilen inklýuziw bilim we maýyplygy bar bolan adamlary, şol sanda saglyk mümkinçilikleri çäkli çagalary goldamagyň integrirlenen ulgamy boýunça halkara tejribesini öwrenmekden ybarat boldy.
Portugaliýa döwrebaplaşdyrylan bilim ulgamy, bu babatda öňdebaryjy tejribesi, inklýuziw bilim ulgamy, ýagny maýyplygy bolan adamlar, şol sanda çagalar üçin adam hukuklaryna esaslanýan hemmetaraplaýyn inklýuziw gurşawy bolan ýurt hasaplanylýar.
Portugaliýa döwletine iş saparynyň dowamynda türkmen hünärmenleri inklýuziw bilim we maýyplygy bar bolan adamlary goldamaklygyň integrirlenen inklýuziw gurşawy babatda ýurtda toplanan oňyn tejribeler, amaly çemeleşmeler hem-de utgaşdyrylan hyzmatlar ulgamy bilen ýakyndan tanyşdylar.
Bilim ulgamynyň wekillerinden düzülen topar Lissabon şäherinde hereket edýän bilim ulgamynyň dürli basgançaklaryna degişli öňdebaryjy bilim edaralaryna, maýyplygy bolan adamlara utgaşdyrylan hyzmatlary hödürleýän ýöriteleşdirilen okuw merkezlerine baryp gördüler. Saparyň çäklerinde multidissiplinar toparlaryň (pedagoglar, psihologlar, logopedler) işini guramak, aýratyn bilim zerurlyklary bolan çagalar üçin endikleri hem-de başarnyklary ösdürmäge niýetlenen özbaşdak okuw meýilnamalaryny taýýarlamak we bilim edaralarynyň fiziki gurşawyna çagalary uýgunlaşdyrmak ýaly möhüm ugurlar boýunça giňişleýin tejribe alyşdylar. Synp otaglarynda multidissiplinar goldawyň guralyşy we munuň çagalaryň durmuşyna uýgunlaşmagyndaky
amaly täsiri aýratyn synlandy. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda adam hukuklaryna we çagalaryň bähbitlerine esaslanýan çemeleşmeler goldanylyp, halkara hukuk borçnamalaryna esaslanýan milli kanunçylyk namalarymyza laýyklykda, bilim ulgamynda deňligi, ýagny her bir çaganyň elýeterli, adalatly we ýokary hilli bilim almagyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän özgertmeler, amala aşyrylýan köptaraplaýyn we ulgamlaýyn işler barada tejribe alşyldy.
Portugaliýa döwletine amala aşyrylan bu tanyşlyk sapary ýurdumyzda inklýuziw bilimi ösdürmekde, bu babatda pedagogik usulyýetleri kämilleşdirmekde, dürli ulgamlaryň sazlaşykly hereketiniň netijesinde saglyk mümkinçilikleri çäkli çagalar üçin niýetlenen döwrebap hyzmatlaryň giň toplumyny döretmekde, mekdebe çenli we umumybilim berýän mekdeplerde inklýuziw gurşawy has-da güýçlendirmekde möhüm amaly binýat bolar.
Milli bilim ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmak, ýaş nesliň dünýä ülňülerine laýyk gelýän şertlerde bilim almagyny üpjün etmek, her bir çaganyň deňhukukly ösüşine goldaw bermek ugrundaky yzygiderli tagallalary, bilim babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde, öňdebaryjy tejribeleri bilim ulgamyna ornaşdyrmakda uly işler durmuşa geçirilýär.
Maral PIRLIÝEWA,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň mekdebe çenli bilim bölüminiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetirijisi.



















