Akademiki gatnaşyklary ilerledip
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň milli bilim ulgamynda düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilip, halkara ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň gerimi yzygiderli giňeldilýär. 3 — 6-njy noýabr aralygynda Awstraliýanyň Pert şäheriniň Merdok uniwersitetinde Uniwersitetleriň halkara assosiasiýasynyň «Emeli aň döwründe uniwersitetleriň gymmaty» atly 17-nji baş maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň wekiliýeti hem işjeň gatnaşdy.
Dünýäniň 65 döwletinden ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryny, ylym-bilim ulgamynyň wekilleriniň 245-sini bir meýdançada jemlän foruma ýurdumyzdan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektorlary wekilçilik etdiler.
Maslahatyň esasy maksady emeli aňyň çalt ösýän döwründe ýokary bilimiň geljekki ugurlaryny kesgitlemekden, ýokary okuw mekdepleriniň jemgyýetdäki ornuny we ähmiýetini ara alyp maslahatlaşmakdan, bilim bermekde, ylmy-barlag işlerine hem-de innowasiýalary ornaşdyrmakda täze mümkinçilikleri öwrenmekden ybarat boldy. Şunuň bilen baglylykda, ýokary bilim ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeler, emeli aň tehnologiýasynyň bilim ulgamyna täsiri, sanly özgertmeler, akademiki erkinlik, ylmy işleriň ygtybarlylygy we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. Maslahatyň gün tertibine laýyklykda köp sanly çykyşlar diňlenildi, ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi. Uniwersitetleriň halkara assosiasiýasynyň Baş sekretary Iligýe want Land gurama tarapyndan 2023 — 2026-njy ýyllar boýunça ýerine ýetirilen işler we maliýe hasabaty barada giňişleýin çykyş etdi.
Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesi Uniwersitetleriň halkara assosiasiýasynyň agzasydyr. Türkmen wekiliýetiniň şeýle halkara maslahata gatnaşmagy ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmäge, okuw we ylmy işleri dolandyrmagyň döwrebap usullaryny özleşdirmäge täze mümkinçilikleri açýar.
(Ýörite habarçymyz).



















