TÜRKMEN TALYPLARY — HALKARA OLIMPIADANYŇ ÝEŇIJILERI
Maliýe howpsuzlygy boýunça VI halkara olimpiadada ýurdumyzyň talyplary ýeňiji we baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary we halkara giňişlikde öz zehinlerini görkezmekleri üçin ähli şertleri döretmäge aýratyn üns berilýär. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda, eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramy bellenilýän günlerde türkmen talyplary abraýly halkara bäsleşikde ýokary netijeleri gazandylar.
27-nji sentýabrdan 2-nji oktýabr aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Krasnoýarsk şäherinde, Sibir federal uniwersitetiniň binýadynda Maliýe howpsuzlygy boýunça VI halkara olimpiadanyň jemleýji tapgyry geçirildi. Dünýäniň 40-dan gowrak döwletinden 700 töweregi okuwçy we talyp gatnaşan bu bäsleşigiň esasy temasy maliýe howpsuzlygy ulgamynda emeli aňy ulanmak we munuň bilen baglanyşykly töwekgelçilikler boldy.
Olimpiada ýurdumyzyň ýedi ýokary okuw mekdebiniň on talyby gatnaşdy. Olar halkara gatnaşyklar, hukuk, ykdysadyýet we maglumat howpsuzlygy ugurlary boýunça ýaryşyp, iki ýeňiji we alty baýrakly orna mynasyp boldular.
Halkara gatnaşyklar ugry boýunça:
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Abdykadyrow Dawud Zakirjanowiç we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Hümmetjumaýew Sahydöwlet Agadurdyýewiç baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Hukuk ugry boýunça:
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Rejepow Rejep Bagtyýarowiç we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Gurbanowa Güljahan Jumamyradowna olimpiadanyň ýeňijileri diýlip yglan edildi.
Ykdysadyýet ugry boýunça:
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby Esedow Şukur Esedowiç, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Gezerow Dawut Merdanowiç hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Tuwakow Hanmuhammet Baýramowiç baýrakly orunlary eýelediler. Şol institutyň talyby Bekiýewa Bahar Bekmyradowna hem olimpiadanyň jemleýji tapgyrynda mynasyp çykyş etdi.
Maglumat howpsuzlygy ugry boýunça:
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Begnazarow Begnazar Muhammetnazarowiç baýrakly orna mynasyp boldy. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Serdarow Jumageldi Arslanowiç hem jemleýji tapgyrda öz bilimini we ukybyny görkezdi.
Häzirki sanly zamanda maliýe serişdelerini we maglumatlary kiberhowplardan goramak döwletleriň durnukly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek we bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Talyplarymyzyň halkara olimpiadada gazanan üstünlikleri bu syýasatyň netijeliligini doly tassyklaýar.
Olimpiadanyň dowamynda türkmen ýaşlary dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen deň-duşlary bilen tejribe alyşyp, dostluk gatnaşyklaryny berkitdiler, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty we ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri barada gürrüň berdiler. Olar bu ýeňşiň ilkinji nobatda ýaşlara döredilýän giň mümkinçilikleriň, mugallymlaryň yhlasly zähmetiniň netijesidigini nygtaýarlar.
Ýeňiji we baýrakly orunlara mynasyp bolan talyplarymyz bu şatlykly pursatda ýaşlara görkezýän uly aladalary üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, alan bilimlerini eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegine gönükdirjekdiklerini, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny halkara giňişlikde mundan beýläk-de belende götermäge çalyşjakdyklaryny aýdýarlar.



















