Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde hünär derejesini ýokarlandyrar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ählumumy parahatçylyk syýasaty giňden öňe sürülýär. Ýurdumyzda ýaşyl energetikanyň çeşmelerini netijeli ulanmak boýunça öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge we ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, geljegiň ýangyjy hökmünde wodorod şol çeşmeleriň biri bolup durýar. Ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen bagly ählumumy meseleler babatda wodorody öndürmek we ony ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek aýratyn möhüm hadysa bolup durýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasynyň» Meýilnamasyna laýyklykda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Wodorod energetikasy merkezi” döredildi we onuň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ylalaşylyp tassyklanan Iş meýilnamasy üstünlikli ýerine ýetirildi.
Uniwersitetiň “Wodorod energetikasy merkezinde” elektroliz usuly arkaly suwdan wodorod ýangyjyny almak boýunça ýerine ýetirilen ylmy-barlag işleriň netijesinde, ýaşyl wodorod energiýasy üstünlikli alyndy. Merkeziň hünärmenleri tarapyndan ilkinji gezek plazmohimiki innowasion usulyny ulanyp, tebigy gazdan wodorod ýangyjyny almagyň barlaghana enjamy döredildi. Bu usulyň kömegi bilen alnan wodorod ýangyjy “Agilent Technologies 6890” kysymly gaz hromatografiýa enjamynda analiz edildi we tebigy gazdan arassa wodorod ýangyjynyň we tehniki uglerodyň alynandygy hem-de bu usulyň zyňyndysyz innowasion tehnologiýasyna degişli edip boljakdygy doly subut edildi.
Geljegi uly we dünýäde möhüm orny eýeleýän wodorod energetikasy ugrunda bilelikdäki ylmy-barlaglary geçirmek, ekologiýa taýdan arassa we durnukly energetika tehnologiýalaryny ösdürmek maksady bilen, şu ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Sukuba uniwersitetiniň arasynda wodorod energiýasy boýunça bilelikdäki ylmy-barlaglar babatda hyzmatdaşlyk etmek baradaky özara düşünişmek hakynda Ähtnamadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmeklik uniwersitete tabşyryldy. Ol işler uniwersitetiň professor-mugallymlary tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýar.
Häzirki wagtda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň Senagat ekologiýasy kafedrasynyň mugallymy Baýram Welhanow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde magistr okuw maksatnamasy boýunça bilim alýar we wodorod energiýasy boýunça ylmy-barlaglary geçirmek üçin degişli işleri alyp barýar.
Mugallymyň bu daşary ýurt okuw sapary Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi (JICA) tarapyndan alnyp barylýan «Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça Ählumumy Lider» (SDGs Global Leader) maksatnamasynyň çäginde amala aşyrylýar. Magistr okuw maksatnamasy 2026-njy ýylyň 12-nji sentýabryndan 2029-njy ýylyň 31-nji martyna çenli dowam eder.
Uniwersitetiň mugallymy Sukuba uniwersitetiniň alymlary we hünärmenleri bilen bilelikde tebigy gazdan wodorod energiýasyny almak we durnukly ösüş ulgamlary boýunça ylmy-barlag işlerini geçirer. Şeýle hem ol Ýaponiýanyň ekologiýa, durnukly energetika we arassa tehnologiýalar boýunça toplan baý tejribesini öwrenip, degişli ugurlar boýunça nazary we amaly sapaklara gatnaşar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekiliniň dünýäniň abraýly ylym-bilim merkezinde aljak bilimi we geçirjek ylmy barlaglary ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de durnukly energetika strategiýasyny ösdürmäge uly goşant bolar.
Daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim ulgamynda tejribe alyşmak üçin döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Prezidentimize köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Goý olaryň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, tutuş adamzat ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyga beslensin.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti



















