Bilimli ýaşlara buýsanç
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlarynyň ylym-bilim öwrenmeklerine, terbiýeli ynsan bolup ýetişmeklerine giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň üçin hem türkmen ýaşlary halka, Watana wepaly, arassa ahlakly, berk bedenli, zähmetsöýer, bilimli, ylymly, däp-dessurlara hormat goýýan, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişýärler. Ýurdumyzda ýaş nesliň kämil ahlak keşbini kemala getirmek babatda jemgyýetde alnyp barylýan işlere döwlet syýasatynda möhüm orun berilýär.
Ýaşlar baradaky alada hormatly Prezidentimiziň häzirki we geljekki nesilleriň eşretli durmuşyny üpjün etmegiň hatyrasyna durmuşa geçirýän parasatly syýasatynda özüniň beýanyny tapýar. Ata Watanymyzyň geljeginiň has-da röwşen bolmagyny gazanmagyň baş şerti türkmen ýaşlaryny ylymly ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän hünärmenler edip ýetişdirmekdir. Hormatly Prezidentimiz ýaşlara uly ynam bildirip, olaryň döwrebap hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredýär. Ýaşlar milli ruhda terbiýelenip, ata-baba gelýän ýörelgelerimiz esasynda kemala gelýärler. Milli mirasymyza sarpa goýýan, ata-baba ýol-ýörelgelerine eýerýän, arassa ahlakly, watansöýüji, milli ruhly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek meselesi hem ýurdumyzda iň bir üns berilýän möhüm ugurlaryň biridir.
Bu babatda hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Watana söýgi — halka söýgi.
Bu ýöne bir döräýen jümle däl. Watanyň öý-ojakdygyny, ýaşaýan, okaýan, işleýän ýeriňdäki adamlardygyny durmuşyň özi görkezýär».
Ýaşlaryň kalbynda şeýle belent watançylygy we zähmetsöýerligi kemala getirmek bolsa, ilkinji nobatda, maşgala gymmatlyklaryna sarpa goýmakdan başlanýar. Perzent terbiýesi bolsa, ata-enäniň mukaddes borjy bolup durýar. Maşgalada çaga dünýä inenden soňra türkmençilige mahsus at dakmak, terbiýe-bilim bermek, öýli-işikli etmek ata-enäniň esasy borjudyr. Hut şu nukdaýnazaradan, halkymyzyň nesil terbiýesini dogry ugrukdyrmak ýaly ýörelgesi bu günki günde mukaddes borç hökmünde durmuşymyzda mynasyp ýörelgedir. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda belleýşi ýaly: «Terbiýe we tejribe — ynsan kalbynyň goşa ganaty» diýlen ajaýyp setirler halkymyzyň durmuş tejribesinde öz beýanyny tapýar. Çünki ynsanyň hakyky baýlygy onuň ahlagynda, edebinde, halallygynda we Watana söýgüsinde jemlenendir. Terbiýe adamzadyň iň uly baýlygydyr.
Adamyň şahsyýet hökmünde kemala gelýän ilkinji mukaddes mekdebi maşgalasydyr. Çaga ilkinji sözleri-de, edebi-de maşgalasyndan alýar. Soňra jemgyýetiň bir bölegi hökmünde kämilleşýär. Durmuşa we jemgyýete garyşyp, onda orun alyp, kemally adam bolup ýetişýär. Ol hem, öz gezeginde, öz maşgalasynyň dowamatyny kemala getirmeli. Şu nazaryýetde türkmen maşgalalary dowam edýär. Döwürler we zamanlar nähili ösüş-özgerişleri başdan geçirse-de, milli-terbiýe mekdebimiz dowam edip gidilýär. Şeýle terbiýe biziň nesil dowamatymyzy bagtly we bagtyýar etjek ýörelgämizdir.
Dursun ÝOLDAŞMURADOWA,
Saýat etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy.



















