Energetika ugrundan kämil hünärmenler
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda energetika pudagy döwlet tarapyndan öňe sürülýän iri taslamalar, sanlylaşdyrma we halkara hyzmatdaşlyk esasynda depginli ösdürilýär.
Taryhda Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistan öz çäginde ummasyz tebigy çig mal baýlyklaryny, gaýtadan işleýiş senagaty babatda giň mümkinçilikleri jemleýär. Şu nukdaýnazardan, Garaşsyz döwletimiziň energetika diplomatiýasyny kemala getirýän Watanymyzyň energetika mümkinçiliklerini ýurdumyzyň, sebitiň we dünýäniň ýurtlary üçin netijeli ulanmak, energiýa çeşmelerini ýüze çykarmak, gaýtadan işlemek bilen bagly wezipeleri çözmek aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Häzirki zaman dünýäsinde energetika islendik döwletiň ykdysady ösüşiniň, senagat kuwwatynyň we durmuş üpjünçiliginiň esasyny düzýär. XXI asyrda dünýä energetika pudagy düýpli özgertmeleri — sanlylaşdyrmagy, awtomatlaşdyrmagy we durnukly ösüşe tarap uly öwürlişigi başdan geçirýär. Islendik döwletiň energetika garaşsyzlygyny we bäsdeşlige ukyplylygyny saklamagy pudaga innowasion tehnologiýalaryň çalt we yzygiderli ornaşdyrylmagyna baglydyr. Bu strategik şertlerde ýokary okuw mekdeplerine we professor-mugallymlara hem aýratyn jogapkärçilik düşýär. Munuň özi talyplara diňe bir energetika ulgamynyň däp bolan esaslaryny öwretmek bilen çäklenmän, eýsem, geljegiň «akylly» energetika ulgamyny dolandyrmaga ukyply hünärmenleri ýetişdirmegi şertlendirýär. Şu nukdaýnazardan, 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň, umumy ýaşaýyş jaýynyň, sport desgasynyň we «Täze kuwwat» binasynyň açylmagy ähmiýetli waka boldy.
Häzirki wagtda energetika pudagyndaky innowasiýalar diňe bir täze energiýa çeşmelerini tapmagy däl-de, eýsem, bar bolan energiýany öndürmegiň, ugratmagyň we sarp etmegiň netijeliligini düýpli ýokarlandyrmaklygy aňladýar. Şeýle hem ekologiýa ýetirilýän täsiri azaltmak we energiýa üpjünçiliginiň kiberhowpsuzlygyny, durnuklylygyny üpjün etmek pudagyň esasy innowasion ugurlarydyr.
Täze tehnologiýalary pudaga ornaşdyrmak üçin, ilki bilen, täzeçe pikirlenip bilýän inženerler we programmaçylar zerurdyr. Energetika ugurly ýokary okuw mekdeplerinde mugallymlaryň öňünde täze okuw-usulyýet wezipeler durýar. Talyplara diňe bir transformatoryň ýa-da generatoryň gurluşy öwredilmän, eýsem, olaryň sanly simulýatorlarynyň, matematiki modelleriniň we awtomatlaşdyrylan ulgamlarynyň (mysal üçin, SCADA ulgamlary) dolandyrylyşy düşündirilýär.
Tehnologik innowasiýalaryň iň uly we hakyky synag meýdançasy önümçilikdir. Talyplaryň önümçilik tejribeliginiň dowamynda şol ýerdäki energiýa ýitgilerini azaltmagyň, enjamlaryň peýdaly iş koeffisiýentini ýokarlandyrmagyň innowasion ýollaryny gözlemegi we öz ylmy işlerinde beýan etmegi bilimli, giň dünýägaraýyşly nesliň kemala gelýändigine şaýatlyk edýär. Ylmyň, bilimiň we önümçiligiň berk baglanyşygynda, jebisleşiginde energetika pudagynyň hem durnukly ösüşe we batly gadamlara eýe boljakdygy ikuçsuzdyr.
Arslan AGAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.



















