Bagy-bossan Diýarymyz
Häzirki ajaýyp döwrümizde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigatymyzyň gözelligini gorap saklamak asylly ýörelgä öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde bedew bady bilen okgunly ösýän Diýarymyzda alnyp barylýan giň möçberli maksatnamalaryň özara sazlaşygy ösüşleriň netijelerini görkezýär. Şol maksatnamalaryň hatarynda, ozaly bilen, «Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylýan döwrebap işleriň uly ähmiýete eýe bolýandygyna göz ýetirýärsiň.
Häzirki günlerde giň möçberli döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülen ýurdumyzy bagy-bossanlyga beslemek işi üstünlikli amala aşyrylýar. Asyrlarboýy dowam edip gelýän ynsan bilen tebigatyň arasyndaky möhüm arabaglanyşygyň çuň many-mazmuna eýe bolýandygyna şu günki günüň nukdaýnazaryndan durmuşa ornaşdyrylýan il bähbidine ýugrulan işleriň aýdyň mysaly tassyklaýar. Halkyň ekologiýa taýdan abadançylygy onuň abadan durmuşda ýaşamagynyň möhüm şertidir. Ýurdumyzyň bagy-bossanlyga beslenmegi, ozaly bilen, ekologiýa taýdan sagdynlygynyň girewidir. Şoňa görä-de, il-ýurt bähbidine ýugrulan daşky gurşawy goramaga, tebigatyň täsin baýlyklaryndan rejeli peýdalanmaga we olary aýawly saklamaga, biodürlüligi köpeltmäge hem-de olary geljekki nesillere ýetirmäge gönükdirilen işleriň iňňän uly ähmiýetiniň bardygyny nygtamalydyrys.
Täsin tebigy gözelliklere baý bolan eziz Diýarymyzyň ösümlikdir haýwanat dünýäsi özboluşlylygy, özüne çekijiligi jähetden hem tapawutlanýar. Tebigatyň ynsana eçilen bu ajaýyp gözelliklerini goramak we biodürlüligi baýlaşdyrmak her bir raýatyň jana-jan borjudyr. Bag ösdürip ýetişdirmegi, guýy gazmagy, köpri gurmagy iň bir sogaply işleriň hatarynda goýan ata-babalarymyzyň ajaýyp däp-dessurlary çuň many-mazmun bilen gurşalandyr. Biziň häzirki günlerimizde bu ajaýyp däbe eýerilip, her ýylda miweli we saýaly agaçlaryň millionlarça düýbi oturdylýar. Paýtagtymyzyň daş-töwereklerinde, tutuş ýurt boýunça her ýylda oturdylýan agaçlaryň diňe bir ekologiýa abadançylygyna getirmän, eýsem, Watanymyzyň gözelligine gözellik goşup, ynsan saglygyny berkitmäge we raýatlaryň ömrüni uzaltmaga hem ýardam berýändigi bellärliklidir. Munuň özi sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini üpjün etmäge gönükdirilendir. Halk bähbidine ýugrulan bu ajaýyp işleriň ata Watanymyzy bagy-bossanlyga büremekde, mähriban Watanymyzyň gözelligini artdyrmakda uly ähmiýeti bardyr. Bu gün gözel tebigatymyza şeýle alada bilen aýawly çemeleşmekde halkymyzyň köpasyrlyk tejribesinden peýdalanylýar. Ekerançylygyň köpasyrlyk medeniýetini dünýä ýaýan halkymyzyň dürli tebigy şertlerde ýaşamak ukybynyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýandygy tebigata sarpa goýmagyň däbini kemala getiripdir.
Türkmen halkynyň asyrlarboýy dowam edip gelýän däp-dessurlary tebigy serişdelerden, şol sanda ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligini, ýerasty baýlyklary, suwuň we howanyň arassalygyny aýawly saklamaga, olardan rejeli peýdalanmaga bolan çäreleriň toplumyny emele getirdi. Pederlerimiziň mähriban topragymyzyň gözelligine sarpa goýmak, ony aýawly saklamak däbiniň ösdürilip, çuň mana eýe bolandygyny bellemelidiris.
Ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen bag oturtmak işi giň gerime eýe bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga beslemäge, ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmaga gönükdirilen beýik işler öz aýdyň beýanyny tapýar. Ýurdumyzyň ähli ýerinde oturdylan bag nahallarynyň boý alyp, tokaý zolaklaryny emele getirendigine bu gün buýsanjyň artýar. Bag ösdürip ýetişdirmegi iň bir sogaply işleriň hatarynda goýýan halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň nusgalyk göreldesine eýerip, her ýylda bag nahallaryny oturtmaga uly işjeňlik bilen gatnaşýar. Ozal ekilen bag nahallarynyň düýbi ýumşadylyp, suw berilýär, ideg edilýär. Bu asylly ýörelge ata-babalarymyzyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak, daşky gurşawy gorap saklamak ýaly öwüt-ündewleriniň bu günki günde üstünlikli durmuşa geçirilýändigini beýan edýär.
Gülşat ALMAZOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.



















