Nesil terbiýesinde milliligiň sazlaşygy
Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda ýaş nesliň beden hem ruhy taýdan kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin döwrebap şertler döredilýär. Halkymyz nesil terbiýesine uly ähmiýet berip, çaganyň ilkinji ýyllaryndan dogry terbiýe bermek ýörelgesine eýerýär. Hut şoňa görä-de, kämil nesilleri kemala getirmekde mekdebe çenli edaralaryň öňünde örän jogapkärli wezipeler durýar. Sebäbi çagalyk döwri ynsanyň geljekki häsiýetiniň, dünýägaraýşynyň we watançylyk duýgularynyň düýp binýadynyň tutulýan döwrüdir.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň çagalar baglarynda bilim-terbiýeçilik işlerini döwrebaplaşdyrmaga we sanly ulgamy ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Döwür bilen aýakdaş gadam goýlup, sanly tehnologiýalar terbiýeçilik işiniň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Oýlanyşykly we dogry peýdalanylan halatynda sanly ulgam çagalaryň logiki pikirlenişini, düşünjesini, daşky gurşawa bolan gyzyklanmasyny artdyrmakda iň netijeli gural hökmünde çykyş edýär. Interaktiw tagtalar, ösdüriji kompýuter oýunlary, sesli we şekilli okuw gollanmalary arkaly körpeler harplary, sanlary, daşary ýurt dillerini örän çalt we gyzykly görnüşde öwrenýärler.
Ýeri gelende bellesek, sanlylaşdyrma diňe bir häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak däl-de, eýsem, şol serişdeleriň üsti bilen çagalara milli terbiýe bermek hem göz öňünde tutulýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda mekdebe çenli ýaşly çagalar üçin niýetlenilen ösdüriji we terbiýeçilik ähmiýetli multfilmleriň, ertekili kitaplaryň ses ýazgylarynyň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle serişdeler mekdebe çenli edaralaryň terbiýeçilik sagatlarynda hem netijeli peýdalanylýar. Dostlugy, agzybirligi, jebisligi ündeýän animasiýa filmleri körpeleriň aňyna diňe bir gyzykly şekiller bolup däl-de, uly terbiýeçilik ähmiýetli sapaklar hökmünde ornaşýar. Çagalar şol multfilmleriň, ertekileriň gahrymanlarynyň üsti bilen halkymyzyň asyrlarboýy kemala getiren asylly däp-dessurlaryny, birek-birege bolan hormaty, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ähmiýetini özleşdirýärler.
Şeýle döwrebap we terbiýeçilik mazmunly sanly gollanmalar körpeleriň kalbyna ýaşlykdan watanperwerlik, zähmetsöýerlik, dogruçyllyk ýaly belent ynsanperwer häsiýetleri ornaşdyrmaga ýardam edýär. Çagalar multfilmleriň üsti bilen gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň, milli buýsanjymyz bolan Arkadag şäheriniň gözel künjeklerine syýahat edýärler, Watanymyza bolan buýsanjyny artdyrýarlar. Bu bolsa sanly tehnologiýalaryň çagalar üçin diňe bir wagt geçirmek, güýmenje guraly däl, eýsem, olary milli ruhda terbiýeleýän täsirli serişdelerdigini subut edýär.
Nesil terbiýesinde mekdebe çenli edaralaryň we maşgalanyň agzybirligi bu terbiýeçilik zynjyrynyň iň kämil halkasydyr. Häzirki döwürde bilim we terbiýeçilik işinde sanly ulgam arkaly ene-atalar bilen yzygiderli aragatnaşyk saklanylýar, çagalaryň gazanan üstünlikleri paýlaşylýar. Ene-atalaryň we terbiýeçileriň agzybir zähmeti netijesinde çagalar mähir, söýgi we bagtyýarlyk gurşawynda terbiýelenýär.
Ýurdumyzyň röwşen geljeginiň eýelerini — bagtyýar körpeleri terbiýelemek buýsançdyr. Döwletimiziň berýän uly goldawyna jogap edip, täzeçil çemeleşmeleri we milli terbiýeçilik usullaryny mundan beýläk-de kämilleşdirip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mynasyp ogul-gyzlaryny kemala getirmek ugrunda tagallalarymyzy gaýgyrmarys.
Oguljennet MOMODOWA,
Aşgabat şäherindäki 103-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.



















