Bilim — ösüşlere badalga
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň milli ülňüsi kemala getirilýär. Häzirki döwürde ýaşlaryň maglumat tehnologiýalaryny işjeň hem netijeli ulanyp bilmegini gazanmak bilim işgärleriniň möhüm wezipeleriniň biridir. Bu wezipäni çözmekde dünýäniň bilim ulgamynda gazanylan öňdebaryjy tejribelerden peýdalanyp, sanly milli bilim ulgamyny kemala getirmegiň zerurdygyna bilermenleriň ünsi çekilýär. Hususan-da, okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşyklylykda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylýar.
Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň esasynda, okuw dersleri ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün edildi. Munuň özi sanly maglumat serişdelerini peýdalanmaga, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Sanly bilim ulgamynyň maksady, ozaly bilen, maglumatly jemgyýeti kemala getirmekdir. Sanly bilim ulgamynyň esasynda bilim maglumatlarynyň binýady goýulýar. Onuň esasyny düzýän elektron bilim gorlary we hyzmatlary hemmeler: okuwçylar, talyplar, ata-eneler, bilim işgärleri we başgalar üçin hemişe elýeterli bolmalydyr.
Ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynyň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi babatda degişli işleriň ýola goýulmagy, mugallymlaryň innowasion tehnologiýalar bilen işlemek ukyplarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi sanly bilimi ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Ýylyň-ýylyna ak mekdeplere gadam basýan 1-nji synpyň körpelerine Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan kompýuterleriň sowgat berilmegi hem sanly bilime geçmegiň ilkinji basgançagynyň berk binýadynyň emele getirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 1-nji synpda kompýuter arkaly guralýan sapaklar okuwçyny sanly bilimi ulanmagyň ilkinji basgançagyndan kämillik ýoluna atarýar. Olary geljekde sanly bilim ulgamynyň serişdelerinden peýdalanmaga ugrukdyrýar. Bu bolsa şu günki bilim özgertmeleriniň esasy talaplarynyň biri bolup durýar.
Häzirki wagtda döwrebap usullaryň biri hasaplanýan uzak aralykdan bilim almaklygyň raýatlaryň bilim we hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýändigini aýratyn bellemek gerek. Bularyň ählisi öz gezeginde, sanly maglumat jemgyýetindäki durmuşa uýgunlaşan şahsyýetiň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýedir. Ylmyň we tehnikanyň gazananlaryndan, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden netijeli peýdalanylmagy esasynda milli bilimiň ýokary derejesiniň üpjün edilmegi ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösmegine, ykdysady taýdan dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryndaky ornuny pugtalandyrmagyna şert döredýär.
Ogulşirin GURBANGELDIÝEWA,
Türkmenbaşy etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň mugallymy.



















