Gadymyýetiň döwrebap öwrenilişi
Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 2-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky çykyşynda Watanymyzyň taryhy ýerlerini öwrenen tanymal arheologlardyr taryhçylar, olaryň alyp baran işleri barada aýratyn belläp geçdi. Munuň özi ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetinde hereket edýän «Ýaş arheolog» gurnagyna gatnaşýan talyp ýaşlary we professor-mugallymlary täze, döredijilikli gözleglere ruhlandyrdy. Adyndan belli bolşy ýaly, bu gurnaga gatnaşýan talyplar ýurdumyzyň çägindäki dürli taryhy-medeni ýadygärliklerde alnyp barylýan ylmy-barlaglar, gazuw-agtaryş işleri bilen ýakyndan tanyşmak arkaly özleriniň geljekki hünärini çuňňur öwrenýärler. Gurnagyň işini kämilleşdirmek, şeýle-de uly ynam bildirilýän talyplaryň alyp barýan işleri barada ýokary okuw mekdebiniň taryh fakultetiniň mugallymy, arheolog Maksat Orazow bilen söhbetdeş bolduk.
— «Ýaş arheolog» gurnagyna höwesjeňleriň uly topary gatnaşýar. Agzalarynyň sany barha köpelýän gurnagyň maksady ýurdumyzyň bilim syýasatyndan ugur alyp, ýaşlary ylma çekmekden, ata Watanymyzyň şöhratly taryhyny öwrenmek bilen täze maglumatlary agtarmakdan, has çuňlaşdyrylan amaly sapaklary alyp barmagyň netijesinde öz işine ökde hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Gurnak gönüden-göni Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýar. Aslynda, arheologiýa ylmynda gazuw-barlag işlerini geçirmegiň öz möwsümleri bar. Onuň ýaz möwsümi — mart aýyndan maý aýyna, güýz möwsümi — sentýabr aýyndan dekabr aýyna çenli dowam edýär.
Geçen ýylky möwsümde gurnagyň agzalary taryh ylymlarynyň doktory Allaguly Berdiýewiň ýolbaşçylygynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky Şähryslam ýadygärlikler toplumynda geçirilen gazuw-barlag işleri bilen tanyşdylar. Şähryslam ýadygärlikler toplumy, takmynan, IX asyrda Tahyrylar döwründe döräp, XV asyra çenli ýaşaýşyny dowam eden şäheriň galyndylary hasaplanýar. Onuň köne adynyň Täkýazyr galasy bolandygy çaklanylýar. Şähryslam adynyň bolsa yslam dininiň gülläp ösen döwründe «Yslamyň şäheri» diýen manysynda dakylan bolmagynyň mümkindigi aýdylýar. Şäher Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm geçelgeleriniň birinde ýerleşipdir. Onda Köneürgenç şäheriniň üsti bilen gelýän kerwenler düşläp, öz döwrüniň iň ösen medeni merkezleriniň biri bolan Dehistana tarap ýollaryny dowam etdiripdirler. Gazuw-agtaryş işleri bu ýeriň 100 gektar meýdanynda geçirilip, misden, bürünçden ýasalan üýtgeşik ýüzükler, mis pullar we Beýik Seljuklar döwletiniň döwrüne degişli bolan bezegli sekizburçly kafel, dürli şekillerdäki keramiki önümler — küýzeler, gap-gaçlar tapyldy.
Gazuw-barlag işlerini geçireniňde, taryhy gymmatlyklaryň tapylmagy arheologyň işiniň diňe başlangyjydyr. Ýüze çykarylan ähli tapyndylar gaýtadan dikeltmek we rejelemek işlerine degişli edilýär. Elbetde, gadymy gurluşyklar özleriniň taryhy ýerleşýän ýerinde dikeldilýär. Emma alyp gidilýän tapyndylaryň hemmesi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň gaýtadan dikeltmek we rejelemek işleri üçin niýetlenen barlaghanasyna getirilýär. Bu ýerde degişli hünär boýunça öz işiniň ussatlary zähmet çekýärler. Gurnagyň agzalary barlaghananyň hünärmenleriniň işi bilen hem ýakyndan tanyşýarlar. Soňra talyp ýaşlara tapyndylary surata düşürmek we bellige almak işleri görkezilýär. Tapyndynyň haýsy wagta degişlidigi, nähili maksatlar üçin peýdalanylandygy, onuň adynyň taryhy çeşmelerde agzalyp-agzalmaýanlygy bilen bagly dürli sowallar seljerilýär. Gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan taryhy gymmatlyklar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetinde ýerleşýän arheologiýa we etnografiýa muzeýine, şeýle-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutyna tabşyrylýar.
Mundan başga-da, talyplar gurnagyň işiniň çäginde Köne Nusaý, Täze Nusaý, Şährihaýbar, Änewiň günorta-demirgazyk depeleri, Seýit Jemaleddin metjidi ýaly ýadygärlikler toplumlarynda hem bolup gördüler.
Arheologiýa işinde hem gadymdan gelýän halypa-şägirtlik ýörelgesi dowam etdirilýär. Häzirki döwürde Allaguly Berdiýew, Akmyrat Babaýew, Tirkiş Hojanyýazow ýaly görnükli türkmen arheologlary ýaşlar bilen özleriniň baý tejribelerini paýlaşýarlar. Şeýle hem şu ýylyň 20-nji oktýabrynda meşhur halypa arheologymyz, taryh ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri Hemra Ýusupowyň doglan gününiň 90 ýyllygyna bagyşlanan ylmy duşuşygyň geçirilendigini bellemek bolar.
Dünýä arheologiýasynyň çäginde iň soňky gazanylan maglumatlary paýlaşmak üçin gurnagyň agzalary taryh ylymlaryna bagyşlanyp geçirilýän ylmy-amaly maslahatlar boýunça yzygiderli çykyş edýärler. Gurnagymyz Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hereket edýän «Medeni miras: geçmişden geljege» atly ÝUNESKO kafedrasy bilen hem hyzmatdaşlyk edýär. Şeýle hem talyplar ýyllyk, diplom we beýleki ylmy işleri ýazýarlar.
Häzirki wagtda talyplarymyzyň bilimlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, olara ýörite «Meýdan arheologiýasy we arheologik barlaglaryň usulyýeti» dersi okadylýar. Dersiň amaly sapaklarynda ýörite maksatly meýdanlarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň inçe syrlary öwredilýär. Pursatdan peýdalanyp, şöhratly taryhymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan asylly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Toýly BABAÝEW,
«Türkmen dünýäsi» gazetiniň öz habarçysy.



















