Howa diplomatiýasynda möhüm başlangyçlar
Howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak bolsa, ilkinji nobatda, atmosfera goýberilýän parnik gazlarynyň möçberini peseltmegi göz öňünde tutýar. Bu ugurda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini, hususan-da, Gün we ýel energiýasyny ösdürmek, energiýanyň netijeliligini ýokarlandyrmak, önümçilige energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we metan zyňyndylaryny azaltmak möhüm wezipeler bolup durýar. Aýratyn-da, energetika pudagynda metan zyňyndylarynyň öňüni almak howanyň üýtgemeginiň depginini peseltmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Howa diplomatiýasy döwletleriň howanyň üýtgemeginiň öňüni almak, onuň täsirlerine uýgunlaşmak, ylmy-tehnologik tejribeleri alyşmak we umumy çözgütleri işläp taýýarlamak ugrunda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm görnüşidir. Onuň esasy aýratynlygy umumadamzat bähbitleriniň milli we sebit derejesindäki ösüş maksatlary bilen utgaşdyrylmagyndadyr. Şoňa görä-de, howa diplomatiýasy Türkmenistan üçin diňe bir halkara gün tertibiniň möhüm ugry bolman, eýsem, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny goramak, ykdysady ösüşiň durnuklylygyny üpjün etmek we geljek nesilleriň abadançylygyny pugtalandyrmak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyzyň BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň çäklerinde geçirilen Liderler sammitinde öňe süren möhüm başlangyçlarynyň biri hem howa gün tertibi boýunça halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, dürli ýurtlaryň, halkara guramalaryň we beýleki gyzyklanýan taraplaryň arasynda tejribe alyşmak hem-de bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamak üçin açyk halkara meýdançasy hökmünde Aşgabat howa dialogyny döretmek baradaky teklibidir.
Aşgabat howa dialogyny döretmek başlangyjynyň esasy maksady howanyň üýtgemegi bilen bagly ählumumy meseleleriň çözülmegine gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmakdan, ýurtlaryň arasynda özara ynanyşmagy we tejribe alyşmagy pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Onuň ähmiýeti, ilkinji nobatda, halkara hyzmatdaşlygyny anyk amaly hereketler bilen utgaşdyrmak zerurlygyndan gelip çykýar. Sebäbi howanyň üýtgemegine garşy göreşmek diňe bir halkara derejesinde syýasy ylalaşyklary gazanmak bilen çäklenmän, eýsem, kabul edilen borçnamalaryň milli we sebit derejelerinde netijeli durmuşa geçirilmegini hem talap edýär. Bu ýagdaý, ilkinji nobatda, tebigy-ekologik ulgamlary we suw serişdelerini umumy peýdalanýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini talap edýär. Bu sebit üçin esasy töwekgelçilikleriň hatarynda suw serişdeleriniň azalmagy, buzluklaryň meýdanynyň kiçelmegi, gurakçylyk hadysalarynyň ýygylaşmagy, çölleşme we ýerleriň zaýalanmagy ýaly meseleler durýar. Bu ýagdaýlar diňe bir daşky gurşawyň ýagdaýyna däl, eýsem, azyk we suw howpsuzlygyna, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerine, ykdysady ösüşe hem-de sebitiň ekologiýa taýdan durnuklylygyna gönüden-göni täsir edýär. Hususan-da, Amyderýa we Syrderýa ýaly serhetüsti derýalaryň suw serişdeleriniň rejeli we netijeli dolandyrylmagy sebitiň ähli döwletleri üçin strategik ähmiýete eýedir.
Şeýle çäreleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilýän Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň strategik ähmiýeti uludyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Liderler sammitinde eden taryhy çykyşynda Aşgabatda ýerleşjek bu merkeziň 2027-nji ýylyň başynda öz işine başlajakdygyny nygtady. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara düzümler bilen ýakyn hyzmatdaşlykda işläp başlajak bu merkez sebitde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde, suw we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda hem-de ylmy tejribe alyşmakda uly netije gazanmaga ýardam eder.
Ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar sebit we ählumumy derejede dialogy ösdürmek, döwletleriň tagallalaryny utgaşdyrmak we howa meseleleriniň çözülmegine ähli taraplaryň deňhukukly gatnaşmagyny üpjün etmek nukdaýnazaryndan hem ähmiýetlidir. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň COP31 sammitinde öňe süren Aşgabat howa dialogyny döretmek baradaky başlangyjy Türkmenistanyň halkara howa diplomatiýasyny ösdürmäge gönükdirilen tagallalarynyň möhüm dowamy hökmünde çykyş eder.
Şirin DURDYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.



















