Söz sizden, Ýaşlar baýragynyň eýeleri!
— Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri esasynda täze ýerli derman serişdeleriniň tehnologiýasyny işläp düzmek bilen meşgullanýaryn. Çig mal üçin dermanlyk ösümlikleri ýokary bilim ojagymyzdaky tejribe ýyladyşhanasynda ösdürip ýetişdirýäris. Ylaýta-da, ýürek-gan damar kesellerine garşy göreşmäge we temmäki önümlerine garaşlylygy aradan aýyrmaga niýetlenen dermanlyk serişdelerimize hünärmenler ýokary baha berdiler. Olaryň işlenilip taýýarlanylyşy boýunça ýurdumyzdaky birnäçe ylmy-taslama bäsleşiklerinde ýeňiş gazandym. Geçen okuw ýylynyň ahyrynda «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» diýen ada mynasyp boldum. Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy bilen sylaglanmak ykbalymda şeýle ýeňişli menzilleriň dowamydyr. Onuň ylym ýolunda täze belentliklere badalga bolýan baýrakdygyna ynanýaryn.
Medet MÄTEROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby



















