Söz sizden, Ýaşlar baýragynyň eýeleri!
— Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolmak ýaşlygymyzyň ýakymly ýatlamasyna öwrüldi. Maşgalamyzda söze uly sarpa goýulýar. Beýik döwre bolan çaga buýsanjymy goşgularda beýan etmäge çalyşýaryn. Olaryň käbiri «Güneş» žurnalynda, «Nesil» gazetinde çap edilmegi höwesimi diýseň artdyrýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň guran birnäçe döredijilik bäsleşiginde kalby ylhamly deň-duşlarymyň arasynda öňe saýlanyp, ýeňiji boldum. Durmuşymdaky käbir gyzykly wakalary hekaýa geçirip hem paýlaşýaryn. Olaryň käbirini sahnalaşdyryp, medeni-köpçülikleýin çärelerde tomaşaçylara ýetirdik. Şondan bäri teatr sungaty bilen aýratyn gyzyklanýaryn. Artist bolmak arzuwymdan ugur alyp, geljekde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby bolmak üçin has-da tijenerin.
Nurnazar BAÝHANOW,
Babadaýhan etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy



















