Halkara filosofiýa olimpiadasy geçirildi
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti 2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 18-20-i aralygynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň internet arkaly gatnaşmagynda 1-nji Halkara filosofiýa olimpiadasyny geçirdi.
Olimpiada ýurdumyzyň 22 sany ýokary okuw mekdebinden 365 talyp we 15 sany daşary ýurtdan, ýagny Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Belarus Respublikasyndan, Bolgariýa Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliginden, Kambodja Patyşalygyndan, Kipr Respublikasyndan, Gresiýa Respublikasyndan, Ýaponiýa döwletinden, Gyrgyz Respublikasyndan, Rumyniýadan, Taýland Patyşalygyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan we Russiýa Federasiýasyndan jemi 33 ýokary okuw mekdebinden 108 sany talyp gatnaşdy.
Türkmen talyplary bu halkara olimpiadada ýokary netijeleri görkezip 36 sany altyn medaly, 63 sany kümüş medaly we 129 sany bürünç medaly gazanmagy başardy.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti



















