Türkmenistan Gruziýa we Beýik Britaniýa bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşýar
Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew 10-njy oktýabrda Gruziýadan we Beýik Britaniýadan gelen hyzmatdaşlar bilen bäş duşuşyk geçirdi. Duşuşyklar Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde guraldy. Duşuşyklaryň ählisi öň gazanylan ylalaşyklaryň dowamy bolup, olary amaly işlere öwürmäge gönükdirildi.
Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlar ministriniň orunbasary Zwiad Gabisonia we Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçisi Konstantine Sabiaşwili bilen duşuşykda hormatly Prezidentimiziň Gruziýa eden döwlet saparynyň we bilim ulgamynda bilelikdäki iş toparynyň birinji mejlisiniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar hyzmatdaşlygyň ýol kartasyny noýabr aýynda tassyklamak, Şota Rustaweli adyndaky Milli ylmy gaznanyň we Horizon Europe ofisiniň gatnaşmagynda türkmen alymlary üçin webinar guramak, şeýle hem hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleriniň jübütlerini kesgitlemek barada ylalaşdylar. Gruziýa tarapy iş toparynyň indiki mejlisini Tbilisi şäherinde geçirmäge çagyrdy.
Britan Geňeşiniň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşyga Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Stiwen Konlon gatnaşdy. Taraplar Londonda geçirilen Bütindünýä bilim forumyndan soň gazanylan netijeleri belläp geçdiler we AELLCA maksatnamasynyň üçünji tapgyryny, iňlis dili mugallymlarynyň hünärini kämilleşdirmegi, IELTS synaglaryny Aşgabatda geçirmegiň mümkinçiliklerini, ýokary bilimiň hilini üpjün etmegi we Beýik Britaniýa bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň bitewi platformasyny döretmek baradaky pikiri ara alyp maslahatlaşdylar.
Cambridge University Press & Assessment guramasynyň wekilleri bilen duşuşykda türkmen mugallymlarynyň Cambridge kwalifikasiýalaryny almagynda we iňlis dilini bilşiň derejesini bahalandyrmakda hyzmatdaşlyk etmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Westminster uniwersitetiniň prorektory, professor Endrýu Linn bilen duşuşykda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen ähtnama baglaşylandygynyň bir ýyllygy bellenildi. Ähtnamany durmuşa geçirmegiň meýilnamasy, bilelikdäki doktorantura maksatnamalary we ylmy barlaglar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hamilton House Publishers kompaniýasy bilen dil merkezlerine çagalara iňlis dilini öwretmek üçin interaktiw okuw serişdelerini bermek we synag taslamasyny geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyklar Türkmenistanyň bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge we ony anyk netijeler bilen baýlaşdyrmaga bolan özara gyzyklanmany tassyklady.



















