Ýaşlar syýasatynyň möhüm ähmiýeti
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe demokratik, hukuk we dünýewi, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde bilim we ylym ulgamynyň milli kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek üçin häzirki zaman talaplaryna laýyklykda, döwrebap kanunlary taýýarlamak we olary iş ýüzünde durmuşa ornaşdyrmak boýunça işler dowam edýär.
Türkmen halkynyň tutanýerli zähmeti netijesinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem bilim we ylym ulgamy uly üstünliklere eýe bolmak bilen, bellenen döwlet we Milli maksatnamalar hem-de meýilnamalar ýerine ýetirilýär.
Häzirki wagtda ýaşlar ýurdumyzyň jemgyýetçilik we ykdysady durmuşynyň ähli pudaklarynda uly orun tutýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde jemgyýetde ilatyň ösüşiniň we şahsyýet hökmünde kemala gelmeginiň dowamynda, onuň ömür ýolunyň ähli döwürlerinde goldaw berýän kuwwatly milli bilim ulgamy esaslandyrylýar. Bu ugurda ýurdumyzda çagalar, ýetginjekler hem-de ýaşlar üçin olaryň zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny doly derejede açmaga we durmuşda öz orunlaryny tapmaga ýardam berýän mümkinçilikleriň döredilmegi dowam edýär.
Ýurdumyzda ilatyň, şol sanda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, aýratyn hem, belli bir hünär boýunça bilim almaklary babatda ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär.
Umumybilim edaralarynda döredilen innowasion ekoulgam okuwçylaryň üstünliklerine, jemgyýetçilik we ylmy işjeňligine oňyn täsir edýär we olaryň geljekki bilim ýoluny meýilleşdirmekde esasy görkeziji bolup hyzmat edýär. Her ýyl birinji synp okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan milli önüm bolan «Bilimli» atly kompýuterler sowgat berilýär. Munuň özi döwletimizde körpe nesliň mynasyp terbiýelenmegi we sazlaşykly ösmegi ugrunda edilýän aladanyň ýene bir aýdyň mysalydyr.
Okuwçylaryň bilim derejesi hem-de başarnyklary boýunça gözegçilik işleri yzygiderli amala aşyrylýar. Umumybilim berýän mekdeplerde okuwçylaryň gatnaşygy ýokary derejede saklanýar.
Inklýuziw bilime aýratyn ähmiýet berilmegi netijesinde häzirki wagtda ýurdumyzda ýörite bilim edaralary hereket edýär. Olarda saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar ýörite okuw meýilnamalaryna we maksatnamalaryna laýyklykda doly orta ýa-da esasy orta bilim alýarlar.
Ýaşlaryň döredijilik we ylmy mümkinçilikleriniň giňeldilmegi döwletimiziň ähli ugurlarda amala aşyrýan giň gerimli maksatnamalary bilen utgaşykly alnyp barylýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň binýadynda döredilen ylmy-önümçilik mümkinçilikler ýaş alymlaryň täze taslamalaryny durmuşa geçirmäge giň ýol açdy.
Ylmy-innowasion işleriň netijesinde kiçi önümçilikleriň döredilmegi meýilleşdirilýär. Bu mümkinçilikler ýaş alymlara öz açyşlaryny diňe nazary taýdan däl, önümçilik derejesinde-de iş ýüzünde peýdalanylýan taslamalara öwürmäge, bilim bilen ylmyň hem-de önümçiligiň arabaglanyşygyny pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň ýaşlar barada döwlet syýasaty diňe bilim we döredijilik bilen çäklenmän, jemgyýetçilik we durmuş ulgamynyň ähli böleklerini öz içine alýar.
Milli bedenterbiýe we sport ulgamynda özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde öz üstünlikleri bilen Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da belende götermäge, sport babatda gazanylanlary pugtalandyrmaga saldamly goşant goşmaga taýýar zehinli ýaşlaryň täze nesli kemala gelýär.
Türkmenistanyň dürli künjeklerinde gurlan onlarça sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyna giň mümkinçilik berýär.
Ýaşlaryň halkara ýaryşlara gatnaşmagy, dünýä we Aziýa çempionatlarynda üstünlik gazanmagy ýurdumyzyň sport mümkinçilikleriniň giňelýändigini görkezýär.
Şeýle üstünlikler ýaşlaryň diňe sport taýdan däl, eýsem, watançylyk we jemgyýetçilik taýdan hem kämilleşmegine ýardam edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek bilen birlikde, dünýäniň ylmy giňişliginde tutýan ornuny berkitmek hem döwletimiziň esasy maksadydyr.
Baýram GURTMYRADOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň baş hukuk maslahatçysy



















