WATANYMYZYŇ RÖWŞEN GELJEGI
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlary giň gözýetimli, täzeçe pikirlenmegi başarýan, döwrüň ösen talaplaryna düşünýän, innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmäge goşant goşup bilýän hünärmenler edip ýetişdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eserinde: «Biz ýaşlara we olaryň sowatlylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýäris. Ýurdumyzda ilatyň, şol sanda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, aýratyn hem, hünär bilimlerini almaklary babatda ähli şertleri, mümkinçilikleri döredýäris. Munuň üçin kämil mekdebe çenli çagalar edaralary, umumybilim berýän orta mekdepler, ýokary okuw mekdepleriniň täze binalary we beýleki hünär öwredilmegi bilen bagly döwrebap ymaratlar yzygiderli gurulýar» diýip belleýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesiniň bellenilen «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň güýz paslynyň ilkinji günleri hem şanly wakalara baý boldy. Her ýylda bolşy ýaly, bu ýyl hem Bilimler we talyp ýaşlar güni we täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzda täze bilim edaralary açyldy, 1-nji synp okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan noutbuk kompýuterler sowgat berildi. Paýtagtymyz Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalarynyň dabaraly açylyşy boldy. 2-nji sentýabrda bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni we täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçdi.
Milli Liderimiz umumy okuw sapagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk ösüş döwründe ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini, gazanylan ösüşleri çuňňur beýan etdi. Bu barada Gahryman Arkadagymyz okuw sapagyndaky çykyşynda: «Häzirki döwürde Türkmenistan kuwwatly, durnukly we ýokary depginler bilen ösýän ýurt hökmünde giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiz Watanymyzy ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýar. Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýady has-da berkidilip, ýurdumyzyň halkara abraýy yzygiderli ýokarlanýar» diýip belledi. Bu ajaýyp jümleler biz — mugallymlaryň, döwletimiziň geljegi bolan ýaşlaryň kalbyndaky ata Watanymyza bolan buýsanjyny goşalandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň okuw sapagyndaky çykyşynda: «Türkmenistanda dürli ugurlar boýunça halkara ylym-bilim ýaşlar klasterlerini döretmek üçin hukuk we guramaçylyk şertlerini emele getirmegiň üstünde işlemegi teklip edýärin. Goý, beýleki ýurtlaryň zehinli ýaşlary Türkmenistana gelsinler, türkmen ýaşlary bilen bilelikde öz döredijilik maksatlaryny durmuşa geçirsinler! Bu hemmeler üçin bähbitli bolar» diýen sözlerini bolsa çuňňur tolgunma bilen diňledik. Bu sözler ýurdumyzda ýaşlar üçin döwletiň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin oňyn mümkinçilikleriň döredilýändiginiň beýany boldy. Şeýle hem döwletimiziň ýaşlar barada alyp barýan syýasaty ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamagyň, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramagyň kepili bolup durýandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalardan baş çykarmaklary üçin toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Döredilýän mümkinçiliklerden üstünlikli peýdalanýan ýaşlarymyz bilimiň dürli ugurlary boýunça geçirilýän halkara bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, ata Watanymyzyň abraýyny belende göterýärler.
Ýaşlara ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Jeren BAÝRAMGELDIÝEWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň mugallymy.
Çeşmesi: Watan gazeti



















